Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidentiniň möhleti martda uzaldylar


Astananyň şäher geňeşiniň başlygy Wladimir Redkokaşin şenbe güni tanymal syýasatçylardan we alymlardan durýan inisiatiwa toparynyň prezident Nursoltan Nazarbaewiň prezidentligini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak barada milli referendum geçirmek talaby bilen ýüzlenendigini aýtdy.

Redkokaşin ol toparyň öz talabyny şenbe güni Merkezi saýlaw komissiýasynda hasaba aldyrandygyny habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Merkezi saýlaw komissiýasynyň bu talap barada belli bir karara gelmegi üçin bir hepde çemesi wagt gerek bolar. Şeýle-de ol bu referendumyň mart aýynda geçiriljege meňzeýändigini aýtdy.

Nazarbaýew Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri prezident we ol şu döwürde iki gezek gaýtadan saýlandy, bir gezek bolsa onuň prezidentlik möhleti referendum arkaly uzaldyldy.

Gazagystanda indiki prezidentlik saýlawy 2012-nji ýyla bellenipdi.
XS
SM
MD
LG