Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz polisiýasy bomba hüjüminiň öňüni aldy


Gyrgyz häkimiýetleri paýtagt Bişkekde, esasy polisiýa edarasynyň golaýynda goýlan partlaýjyly jip maşyny tapanlaryndan soň, bomba hüjüminiň öňüni alandyklaryny aýdýarlar.

AKIpres habar gullugy howpsuzlyk gullugynyň metbugat gullugyna salgylanyp, “LandRover Discovery” maşynyndan öýde ýasalan 7-10 kilogramlyk partlaýjynyň tapylandygyny habar berdi.

Habar gulluklarynyň ýazmagyna görä, gyrgyz howpsuzlyk işgärleri gaz balonyndan, partlaýjy däriden we mobil telefona birikdirilen elektrik simlerinden durýan bombany zyýansyzlandyrypdyrlar.
XS
SM
MD
LG