Sepleriň elýeterliligi

Ekwadorda bolan awtobus heläkçiliginde 41 adam öldi


Ekwadorlylar 41 adamy, şol sanda 7 çagany öldüren awtobus heläkçiliginiň pidalarynyň ýasyny tutýarlar.

Aýdylmagyna görä, ol awtobus paýtagt Kwitodan ýurduň gündogaryndaky şäherlere barýarka ýoluň garasyndaky çuň gorpa gapgarylýar.

Halas edijiler 30 çemesi ýolagçynyň sag-aman galandygyny, emma olaryn bir toparynyň agyr ýaralarynyň bardygyny aýdýarlar.

El Karmen polisiýasynyň başlygy žurnalistlere awtobusyň normadan artyk hyryn-dykyn doldurylandygyny aýtdy.

Prezident Rafael Korrea maşyna 70-den gowrak adam mündüren sürüjiniň jogapkärçiliksizligini ýazgardy.
XS
SM
MD
LG