Sepleriň elýeterliligi

Janyndan geçen aýal Päkistanda 40 adamy öldürdi


Päkistanyň demirgazyk-günbataryndaky tire sebitinde bir aýal azyk möhüri üçin nobata duran adamlaryň arasynda özüni partladyp, azyndan 40 adamy öldürdi.

Ol aýalyň özüni partlatmazyndan öň adamlaryň üstüne iki sany el granatyny zyňandygy aýdylýar.

Päkistanda janyndan geçen aýalyň amala aşyran ilkinji hüjümi diýip bilinýän kast edişde 50-den gowrak adam ýaralanandy.

Bu waka Bajaur tire etrabynyň Khar şäherinde, Dünýä azyk programmasynyň we beýleki gulluklaryň sebitiň konflikt zerarly kösenýän adamlara azyk paýlaýan merkezinde boldy.

Ýaralananlaryň köpüsiniň ýagdaýynyň agyrdygy we ölenleriň sanynyň artmagynyň ahmaldygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG