Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanyň iň bir gözlenýän jeňçileriniň biri öli tapyldy


Liwanyň iň bir gözlenýän jeňçileriniň biri Palestinada bir bosgun lagerinde öli tapyldy. Liwan hem palestin resmileri onuň jezalandyrylyp öldüriline çalym edýändigini aýdýarlar.

Abu Ramez Sahmarani hem diýlip tanalýan Gandi Sahmarani eli hem gözi bagly halda, günortadaky Sidon şäheriniň golaýyndaky Eýn-el-Hilwe lagerinde, ýeňsesinden atylyp öldürilipdir.

Sahmarani “Al-Kaýda” ideologiýasyna eýerýän “Jand al-Şam” toparynyň lideridi we geçmişde palestin perzidenti Mahmud Abbasyň Fatah toparynyň agzalary bilen çaknyşypdy.
XS
SM
MD
LG