Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda amerikan dollary gytalýar


Soňky on günüň dowamynda türkmenistanlylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dollarlaryny satyn almakda kösençlik çekip başladylar.

Banklardaky daşary ýurt pullarynyň alyş-çalyş nokadynda ABŞ-nyň dollaryny almak isleýänleriň nobaty barha artýar. Nobata durýanlaryň köpüsi alyş-çalyş nokatlarynda bar bolan dollaryň tizden tamamlanmagy sebäpli, «gara bazara» gitmeli bolýarlar.

1 amerikan dollarynyň bahasy resmi kurs boýunça 2,86 manat. «Gara bazarda» bolsa häzir 1 amerikan dollarynyň bahasy 2,94 manada baryp ýetdi. Ýöne bu ýerde-de dollaryň diňe ownuk kupýuralaryny tapyp bolýar. 100-lük kupýurany diňe bir «gara bazarda» däl, eýsem, ýurduň banklarynda hem tapmak kyn.

Banklarda dollaryň azalmagy barada resmi düşündiriş berilmeýär.
XS
SM
MD
LG