Sepleriň elýeterliligi

Ata “Al-Kaýda” goşulan gyzyny asyp öldürdi


Yrak polisiýasy bir adamyň öz gyzynyň “Al-Kaýda” goşulanyny we kast ediş hüjümini amala aşyrmakçy bolýanyny bilip, ony asandygyny aýdýar.

52 ýaşly Al-Najim Ambaguý 19 ýaşly gyzy Şahlany Diýala welaýatyndaky Mandali diýen ýerde, öýüniň golaýyndaky jarda jaýlapdyr.

Bu jenaýatyň üsti Bagdatda tutulan “Al-Kaýda” tussaglary sorag edilende, olaryň Şahlany öz taraplaryna çekişlerini aýtmagy netijesinde açylýar.

Polisiýa baryp, Şahlany tapman, onuň kakasyny tussag edýär we ol üç güne çeken soragdan soň öz eden işini boýun alýar.
XS
SM
MD
LG