Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we syýasat: işjeňligiň artmagy nämä bagly?


Islandiýaly professor Gudmundur Alfredsson adam hukuklary boýunça halkara kanunlar barada türkmen studentleri bilen gürrüň edýär, Aşgabat, 3-nji noýabr, 2010. (Surata düşüren: ÝHHG)
Islandiýaly professor Gudmundur Alfredsson adam hukuklary boýunça halkara kanunlar barada türkmen studentleri bilen gürrüň edýär, Aşgabat, 3-nji noýabr, 2010. (Surata düşüren: ÝHHG)
Azatlyk Radiosyna Türkmenistandan gelip gowuşýan hatlarda käte demokratiki gymmatlyklar, adam hukuklary barada şol bir sanaýmaly adamlaryň gürrüň edýändigi, olaryň hiç bir täze pikir aýtmaýandygy bellenýär.

Hukuk gorýjy Farid Tuhbatullin bolsa bir gürrüňinde aktiwistleriň azlygy we olaryň sanynyň artmazlygy häkimiýetlere başga pikir aýdýanlary töhmetçi, oňşuksyz adam edip görkezmäge şert doredýär diýdi.

Eýsem türkmen ýaşlary näme üçin syýasy jemgyýetçilik işlerinden çeke durýalar, täze döwür, daşarky dünýä bilen gatnaşyklar, durmuşyň ösüşi, internet asyry ýaşlara nähili täsir ýetirýär? Umuman türkmen ýaşlary we olaryň syýasy garaýyşlarynda bolup geçýän özgermeler nähili pikirleri döredýär?

Azatlyk Radiosy bular barada Türkmenistanyň halk hojalygy institutynyň ozalky mugallymy, Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeşlik gurady. Söhbetdeşligi Ýowaşan Annagurban geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, siz arada bir «Tegelek stol» söhbetdeşliginde Türkmenistanyň syýasy durmuşyndaky özgerişleriň ýaş adamlaryň syýasy işjeňligine bagly boljagyny ýaňzytdyňyz. Emma Türkmenistanda Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda syýasatdan sowet döwründäkden hem daş nesliň ýetişendigi aýdylýar. Siz öz hukuk goraýjylyk işiňiziň çäginde türkmen ýaşlarynyň syýasata gatnaşygynda nähili özgerişlik görýärsiňiz?

T.Begmedowa: Boýun almak gerek, başizmiň matlaply syýasaty Türkmenistanda köp adamyň beýnisini ýülmedi. Bu fakt we öz hukuk goraýjylyk ýa syýasy işiňde bu ýagdaýy nazara almazlyk mümkin däl.

Käte özüni häkimiýet wekili ýa oppozisioner atlandyrýan, ýa özüni haýsydyr bir hereketiň lideri, hatda özüni ýurtda milletiň lideri hökmünde mazamlaýan adamlar duşýar. Olar kä gürrüňçiliklerde şeýle bir manysyz zatlary aýdýarlar welin, olara bir gürrüňiň çäginde hiç zady düşündirip bolmajagyny bilýäň. Käte olaryň gözüni açmak üçin sagatlap, birnäçe gezek, delil üstüne delil, fakt getirip gürrüň etmeli bolýar. Bu gaty kyn iş we aktiwistleriň tutuş bir nesli ýitirmegi şu ýagdaý bilen bagly.

Başgaça aýdylanda, biziň ýurdumyzda 30-40 ýaşlaryndaky nesil jemgyýetçilik proseslerinden çetde durýar. Türkmen halkynyň soňky döwür nesli şeýle bir gorkuzylan we olary aňyna aýlamak üçin ýyllar gerek. Hatda olaryň daşary ýurtlara çykyp, ol ýerde 5-10 ýyl ýaşap, öz beýnileriniň nähili ýülmenendigine diňe şondan soň düşünýänleri hem bar.

Ýöne şol bir wagtda biz ýaşlar has progressiw we umyt ýaşlarda diýip, pikir edýäris. Gynançly ýeri, olaryň gerdenine gaty agyr ýük düşýär. Sebäbi olaryň emele gelen ýagdaýy üýtgetmek üçin etmeli işleriniň aňyrsy-bärsi görünmeýär.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, bagyşlaň sözüňizi böleýin. Siz türkmen ýaşlarynyň syýasy düşünjesinde bolýan oňyn özgeriş barada anygrak gürrüň edip bilmezmisňiz?

T.Begmedowa: Bu meselede men size mysal getireýin. Ýaşlyk ýyllarynda daşary ýurda çykan we şol ýerde birnäçe ýyl ýaşan ýaş adam biziň çinownikleriň Türkmenistanda halka gulluk etmeýändigi, eýsem özüne gulluk edýändigi, adam hukuklaryny bozýandygy barada eden gürrüňimize düşünip bilmedi. Ol «çinownik prezidentiň agzyna seretmeli, sebäbi prezident oňa aýlyk töleýär» diýip hasaplaýan eken. Onsoň biz oňa aýlygy prezidentiň bermeýändigini, eýsem onuň býujetde bellenýändigini, býujetiň bolsa döwlet gurluşyna degişlidigini, döwletiň bolsa halka gulluk edýändigini düşündirmeli bolduk.

Türkmenistanyň halk hojalygy institutynyň ozalky mugallymy, Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa
Ikinji mysal, Dünýä türkmenleri assosiasiýasynyň golaýda Garaşsyzlyk baýramyna çagyran daşary ýurt türkmenleri bilen bagly. Mälim bolşy ýaly, türkmen metbugaty bu hili ýagdaýlarda mümkin boldugyça kän položitel duýgy döretjek bolýar. Onsoň olar, ýagny türkmen žurnalistleri myhmanlaryň prezidente Türkmenistana gelmäge rugsat bereni üçin minnetdarlyk bildirmegini sorapdyrlar.

Emma biziň daşary ýurtly doganlarymyz özlerinden soralýan zada geň galyp, «O näme üçin biz prezidenti öwmeli? Türkmenistana gelmek hem Türkmenistandan gitmek biziň konstitusion hukugymyz dälmi?» diýipdiler. Ahyrynda olaryň köpüsi dürli bahana bilen prezidenti sebäpsiz öwmek pozisiýasyndan boýun gaçyrypdyr.

Germaniýaly türkmenleriň biri bolsa, «Biz halkyň durmuşyny gowulaşdyrýany üçin Angela Merkeli öwemzok ahyryn, biz öz pozisiýamyzy Merkele ses bermek ýa başga bir syýasatça ses bermek bilen görkezýäris, bu şeýle-de bolmaly» diýipdir.

Ýa-da bolmasa başga mysal. Türkmen žurnalistleri daşary ýurtda arhitektura ugrundan okan türkmen gyzlaryndan soňky ýyllarda Aşgabatda gurlan binalary öwmegi sorapdyrlar. Emma daşary ýurtda arhitektura ugrundan bilim alan türkmen gyzlary özleriniň Türkmenistanda gurlan binalaryň stil, özboluşlylyk, arhitektura däpleri nukdaý nazardan gaty pesdigini aýdypdyrlar.

Bu mysallar başga durmuş obrazyny, başga stili we adama bolan başgaça gatnaşygy gören ýaşlaryň we uly adamlaryň başga pozisiýada durýandygyny görkezýär. Elbetde, beýle adamlar öz töwereklerine, maşgala agzalaryna, dostlaryna hem şeýle pikirlenişi geçirýärler. Onsoň, Türkmenistanda bolýan zatlar barada näçe gowy söz aýt, näçe öwgüli telegepleşik et, barybir adamlar munuň şeýle däldigini görýärler. Olar öz pozisiýalaryny beýle telegepleşiklere tomaşa etmezlik, başga telekanallary gözlemek bilen aňladýarlar.

Şoň bilen bir wagtda şol režime hyzmat edýän çinownikleriň özleri hem çagalaryny daşary ýurtlara okamaga ibermäge çalyşýarlar. Bu hem pozisiýa we häzir Türkmenistanda döwleti dolandyrýan çinownikleriň öz geljegine ynamly däldigini we öz çagalaryna has ýokary bilim, has azat bilim we erkin pikirleniş bermäge ymtylýandygyny görkezýär. Olar muny öz çagalarynyň Türkmenistanda geljekde boljak özgerişlik şertlerinde hem işläp bilmegi üçin edýärler. Has anygy, içki ylalaşmazlygyň hatda ýolbaşçy çinownikleriň özünde hem bardygyny aýtmaly.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, Türkmenistanda internet, mobil telefon mümkinçilikleri giňelýär. Bu daşardaky hem içerdäki ýaşlaryň gatnaşygynyň giňelýändigini aňladýar. Siziňçe, bu ýagdaýy syýasy düşünjäniň ösmeginde has netijeli peýdalanmak üçin näme etmeli?

T.Begmedowa: Bu tebigy bir proses. Oglanlar çaý başynda-beýlekide gürrüň edenlerinde agitasiýa etjek bolup durman, mysal üçin «sen seret, biz ynha Peterburgda ýa Saratowda okadyk, şonda şeýle zat gördük» diýip, birki sany mysal getirýärler we iki-üç sözde bir zat bilen beýleki zadyň arasyndaky tapawudy açyp görkezýärler.

Meniň pikirimçe, bu ýagdaýda başga hili mümkinçilikleri gören adamlar dymmaly däl-de, bu barada aýdyp-diýip durmaly. Bir gezek men ýaşlaryň şeýle çaý içişliginde boldum, olar hiç hili agitasiýa etmediler-de, pikir çakyşdyrylýan adama deňeşdirmäge mümkinçilik berdiler, öz okuw durmuşlaryndan, Türkiýeden ýa Ýewropadan, Amerikadan mysal getirdiler.

Meniň pikirimçe, adamyň gözüni açmakda uly hem uzak gürrüňlere garanda ýönekeý detallar has peýdaly. Sözümiň soňunda men türkmen ýaşlaryna bir zaman Türkmen halk hojalygy institutynda okadan studentlerim ýaly bolmagy arzuw edýärin. Olar ajaýyp adamlardy, dürli KWN-lere, dürli oýunlara gatnaşýardylar, özem hemişe sorag bererdiler. Men ýaşlara sorag bermegi we soraglaryna jogap almagy öwrenmegi arzuw edýärin.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG