Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň daşary işler ministri Türkiýäniň talabyny ret etdi


Düýn Ysraýylyň aşa milletçi resmisi we daşary işler ministri Awigdor Libermen Gaza Sektoryna ýardam alyp barýan türkiýeli gämä hüjüm edenligi üçin Ysraýylyň Türkiýeden ötünç soramalydygy barada Ankaranyň eden talabyny ret etdi.

Ysraýylyň harbylary tarapyndan maý aýynda şol gämä edilen hüjümde Türkiýäniň 8 raýaty bilen bir hatarda amerikan-türk goşa raýatlygyny göterýän bir raýat hem heläk bolupdy.

Türkiýe şol waka boýunça Ysraýylyň Ankaradan ötünç soramagyny talap edip gelýär. Emma Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Libermen düýnki eden çykyşynda “terroristleri goldanlygy üçin Türkiýäniň özi Ysraýyldan ötünç soramaly” diýdi.

Emma Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Awigdor Libermeniň çykyşynyň ýzýany bilen ýayradan beýanatynda Libermeniň diňe öz pikirini beýän edenligini aýtdy.
XS
SM
MD
LG