Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlama zenan bombaçy tarapyndan amala aşyrylypdyr


Pakistanli resmileriň aýtmagyna görä, Owganystanyň serhedine golaý raýonda 25-nji dekabrda bolan partlama janyndan geçen zenan bombaçy tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Bu partlama BMG-niň azyk-iýmit edarasynyň etrapdaky bölüminiň öňünde ýardam almak üçin nobata garaşýan adamlaryň arasynda amala aşyrylypdy. Başda bu partlamany kimiň amala aşyrandygy barada dürli myş-myşlar peýda bolupdy.

Pakistanyň hökümetiniň ýokary derejeli resmisi Sohail Ahmet düýnki eden çykyşynda şol partlamanyň janyndan geçen bir zenan tarapyndan amala aşyrylanlygyny aýtdy.

Owganystanyň serhedine golaý ýerde bolan şol wakada azyndan 43 adam heläk bolupdy. BMG nyň baş sekretary Pan Gi Mun bu wakany elhenç terrorçylykly iş diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG