Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň öňki içeri işler ministri tussag edildi


Düýn korrupsiýa bilen bagly Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň hökümeti barada alnyp barylýan derňewleriň çäginde Ukrainanyň öňki içeri işler ministri Ýuriý Lutsenko tussag edildi.

Ýuriý Lutsenkonyň metbugat wekili Inna Kysiliň aýtmagyna görä, jenap Lutsenko düýn Ukrainanyň ýörite gullugynyň işgärleri tarapyndan tutulup alnyp gidilipdir.

Inna Kysiliň aýtmagyna görä, mämişi rewolýusiýanyň ýolbaşçylaryndan biri bolan Lutsenko sowet döwründe KGB tarapyndan ulanylan we Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň häzirki edarasynda saklanýar.

Lutsenkonyň tussag edilenligi baradaky habar Ukrainanyň prokuraturasy tarapyndan hem tassyklandy. Prokuratura bu waka bilen bagly duşenbe güni resmi beýanat ýaýradyljakdygyny hem habar berdi.

46 ýaşly Ýuriý Lutsenko öz wezipesinden we hökümetiň emläginden bikanun peýdalananlykda aýyplama bildirilýär.
XS
SM
MD
LG