Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiý ýene günäli tapyldy


Suduň öňündäki protest çykyşy wagtynda Hodorkowskiniň tarapdarlaryndan 20 töweregi adam tutulyp äkidildi. 27-nji dekabr, 2010.

Suduň öňündäki protest çykyşy wagtynda Hodorkowskiniň tarapdarlaryndan 20 töweregi adam tutulyp äkidildi. 27-nji dekabr, 2010.

Şu gün Moskwanyň sudy Mihail Hodorkowskiý bilen onuň söwda partnýory Platon Lebedewi öz biznes işleriniň üsti bilen milliardlarça dollar ogurlanlykda günäli tapdy.


Mihail Hodorkowskiniň tarapdarlary oňa bildirilýän günäleriň syýasy äheňiniň bardygyny aýdýarlar. Olar şu gün suduň öňünde protest geçirip, “azatlyk!”, “utanç!” diýip gygyryşdylar. Moskwanyň sudunyň daşynda protest geçirenleriň sany 1 müň 500 töweregi boldy. Bu wakanyň barşynda polisiýa tarapyndan tutulanlaryň sany bärsinden 20 adam töweregi.

8 ýyl bäri türmede oturan M.Hodorkowskiý 2003-nji ýylda kezzaplykda we salgyt tölemekden boýun gaçyranlykda günälenipdi. Soňra hem oňa öz nebit kompaniýasy “Ýukosdan” 25 milliard dollar ogurlady diýlip, günä bildirildi. Köpler “Bu ony we Lebedewi 2017-nji ýyla çenli türmede saklamak üçin ulanylýan bahana” diýýärler.

Fotosergi: Hodorkowskiniň tarapdarlary protest geçirdiler



“Hiç kim düşünenok”

Aslynda suduň hökümi üstümizdäki aýda häzirkisinden has ir yglan edilmelidi. Ýöne ol yza süýşürilipdi. Kremli tankytlaýanlaryň pikiriçe, bu baýramçylyk we dynç alyş günlerine gabatlanylyp, halkyň ünsüni çekmezlik üçin edilen iş.

Mihail Hodorkowskini goraýan aklawçylar toparynyň sözçüsi Maksim Dbar 14-nji dekabrda onuň garşysyna bildirilýän günäleri “gülkünç” diýip häsiýetlendirip, munuň birinji sud prosesiniň netijelerine ters gelýändigini aýtdy.

Maksim Dbar: “Esasy zat, bildirilýän bu günälerde haýsydyr bir hakyky jenaýatyň alamatlarynyň ýokdugy. 20 aýa çeken prosesden soňam Hodorkowskiniň nämede günälenýänligine hiç kim düşünenok” diýdi.

Mihail Hodorkowskiniň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä, premýer-ministr Putin tarapyndan golaýda edlien bir beýanat Orsýetde sud sistemasyna ýokardan kontrollyk edilýändigini görkezýär. Putin suduň kararyndan öň telewideniýede eden çykyşynda Hodorkowskiniň jenaýatynyň “sudda eýýäm subut bolandygyny” aýdyp, “ogry türmede oturmaly” diýipdi.

Mihail Hodorkowskiniň adwokatlary hem Orsýetde entegem esasy dolandyryjy diýlip hasaplanýan Putini sud işlerine gatyşýanlykda aýypladylar.

Fotosergi: Hodorkowskiý: biznesden türmä çenli ýol



Putin we Mewedew dürli pikirdemi?

Orsýetde sud sistemasyny arassalamagy häli-şindi wada edýän prezident D.Mewedew “Hodorkowskiý barada höküm çykarýan Kreml” diýilýän aýyplamalara gaýtargy bermäge synanyşdy. D.Medwedew bu barada “Sud höküm çykarmazyndan öň, günäli ýa günäsiz diýip, bu sud prosesi ýa başga bir proses barada öz pikirini aýtmaga ne prezidentiň, ne-de başga bir döwlet işgäriniň hukugy bar” diýdi.

Medwedewiň ýokary derejeli geňeşçileriniň biriniň hem “Hodorkowskiý boşadylmaly” diýip cykyş edendigi barada maglumatlar peýda boldy. Ýöne köp adamlar “Hodorkowskiniň boşadylmagy mümkin däl, sebäbi onuň eden hakyky ‘günäsi’ onuň oppozision partiýalary maliýeleşdirmek bilen Putine syýasy howp salanlygy” diýýärler.

W.Putin özüniň Hodorkowskiý ýaly adamlara öz bähbitleri üçin ýurdy talamaga ýol açan korrupsiýany ýok edip, ýurtda tertip-düzgüni ornaşdyrandygyny aýdýar. Hodorkowskiniň tarapdarlary bolsa “Suduň şu günki karary Orsýetde näme zatlaryň bolup geçýändigini açyk görkezdi” diýip, ýurtda bular yaly meselelrin yokardan çözülýändigini ýaňzytdylar.

Hodorkowskiniň 77 ýaşly ejesi Marina Hodorkowskaýa suduň karary yglan edilmezden öň “Ol günäli diýip karar çykarylsa, onda bu häkimiýetleriň her bir zatdan beter syýasy howpdan gorkýandyklaryny görkezer” diýipdi.

Marina Hodorkowskaýa “Orsýetde bolup geçýän zatlar ýurduň içindäki adamlar üçin gaty aýylgaç. Munuň Ýewropa ýurtlary üçin hem bir begençli zat bolmazlygy mümkin. Sebäbi olaryň edil gapdalynda bir awtoritar, jenaýatkär döwlet otyr” diýip, öz pikirini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG