Sepleriň elýeterliligi

Rimdäki Gresiýanyň ilçihanasynda partlaýyjy serişdeli guty tapyldy


Düýn Rimde, Gresiýanyň ilçihanasynda partlaýyjy serişdeli guty tapyldy we ol polisiýa tarapyndan şowly zelelsizlendirildi.

Mundan başga-da, Italiýanyň paýtagtynda güman edilýän partlaýyjy serişdeli gutular Wenesuelanyň, Daniýanyň we Monakanyň ilçihanalaryndan hem tapyldy. Şol gutular polisiýanyň wekilleri tarapyndan seljerildi.

23-nji dekabrda Rimde Şweýsariýanyň we Çiliniň ilçihanalarynda partlamalar amala aşyrlypdy. Bu partlamalaryň netijesinde iki adama şikes ýetipdi.

Italiýanyň anarhist topary bu partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG