Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almazbek Atambaýew ilkinji resmi sapar bilen Moskwa bardy


Düýn Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew özüniň bu wezipesinde ilkinji gezek resmi sapar bilen Moskwa bardy.

Bu saparyň dowamynda A.Atambaýew Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Gyrgyzystanda täze hökümetiň düzülmegi bilen, iki ýurduň özara gatnaşyklaryny ösdürmek barada gürrüň edildi.

A.Atambaýew W.Putine Gyrgyzystanyň Orsýetiň şirketleri, esasanam “Gazprom” we “Rusgidro” bilen gatnaşyklaryny täzeden goýjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

A.Atambaýewiň Gyrgyzystanyň premýer-ministri wezipesine saýlanaly bäri bu onuň amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparydyr.
XS
SM
MD
LG