Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar azalýarmy ýa-da...?


Türkmenistanda walýuta alyş-çalşygynyň togtap başlanlygy, banklarda dollaryň ýetmezçilik edýänligi aýan boldy.
Türkmenistanda walýuta alyş-çalşygynyň togtap başlanlygy, banklarda dollaryň ýetmezçilik edýänligi aýan boldy.
Maliýe çökgünliginiň köp döwletleriň ykdysadyýetini sarsdyryp, onuň jemgyýetde uly kynçylyklary döredýänligi hakyndaky maglumatlar yzygiderli habar berilse-de, türkmen resmileri ýurduň prezidentine berýän hasabatlarynda Türkmenistanda bu “epidemiýanyň” howpunyň ýoklugyny, oňa garşy beýik ykdysady sütünleriň dikilendigini aýdyp geçýärdiler.

Soňky aýyň dowamynda Türkmenistanda walýuta alyş-çalşygynyň togtap başlanlygy, banklarda dollaryň, pul kagyzynyň ýetmezçilik edýänligi, kä ýerlerde diňe 5-10-luk ya-da 20-lik banknotdan uly bolmadyk amerikan dollarynyň berilýänligi aýan boldy. Beýle ýagdaý nämäniň alamatyka diýen sorag her kimi gyzyklandyrýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky bu ýagdaý barada metbugatda-da, iş edaralarynda-da hiç hili dil ýarmaýar. Emma bankyň işgärleriniň öz aralarynda dowula düşüp ýörendiklerini görmek bolýar.

Amerikan dollarynyň, ýagny daşary ýurt walýutasynyň häzirki ýetmezçiliginiň birnäçe sebäbi bar. Ilki bilen, Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlaryndaky walýuta ýetmezçiligini Ýewropada gyşyň agyr gelmegi we garyň köp ýagmagy sebäpli aeroportlaryň ýapylmagy bilen düşündirse bolar. Türkmenistan öz walýuta hasabyny Gemaniýanyň “Doýtç bankynda” saklaýar. Häzir Frankfurtdan Aşgabada uçarlar gatnamaýar. Bu bir kiçijik sebäp. Esasy sebäpleriň biri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýylyň dowamynda alyp baran pul syýasatynyň görkezen netijesi bilen baglydyr.

Maslahat diňlenmedi

2009-njy ýylyň aýagynda halkara maliýe guramalary manadyň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygyny “berkidilen” bahadan aýryp, ony erkin ýa-da bazaryň talabyna görä ýöretmegi maslahat beripdiler. Şondan soň, 2010-njy ýylyň başynda, ýurtda walýutanyň erkin bahadan goýberilmegine garaşyldy. Emma Merkezi bankyň başlygy öz wezipesini “asuda” saklamak uçin bu teklibi goldamady. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň maliýe meseleleri boýunça orunbasary hem garşy bolmady. Şeýlelikde, iki sany çinownigiň öz wezipe kürsülerini goramagy bilen, ýurduň maliýe pudagyndaky reformalar ýene bir ýyl geçirilmän galdy. Ýitirilen wagt beýleki pudaklara hem öz zyýanyny ýetirdi.

Ministrler Kabinetiniň maliýe meseleleri boýunça orunbasary prezidentiň her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklary 10% galdyrmak baradaky teklibiniň ýerine ýetirilmegini hem bu gezek öz üstünden aýryp, ony ministrlikleriň öz gerdenlerine ýükledi. Her bir ministrlik aýlyklary 10% galdyrmak üçin serişde gözläp başlady.

Bilim ministrligi bu meseläni özüçe çözdi. Eger mekdepleriň her klasynda 24-26 okuwçy okaýan bolsa, häzir gyş kanikulyndan soň birnäçe klaslar birleşdirilip, olarda 35-36 okuwçy okar. Klaslaryň azalmagy mugallymlaryň okuw sagatlarynyň kemelmegine getirýär. Ministrlik şol arada dörän puly aýlyklary 10% galdyrmak üçin ulanmakçy. Täze ýyldan käbir mugallymlaryň aýyklary öňki alýan haklarynyň derejesine gelse, başgalarynyňky öňkiden hem pese düşer. Bu hem Minstrler Kabinetiniň maliýe meseleleri boýunça orunbasarynyň ýöredýän ykdysady-syýasatynyň miwesi.

Aragatnaşyk pudagy bergide

Maliýe we beýleki käbir pudak ýolbaşçylarynyň prezidente degerli teklipleri berip bilmändikleri üçin ýurtda ykdysady kynçylyklar döredi. Dikilen ykdysady sütün sarsyp başlady.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri öz pudagyny degerli dolandyryp bilmänligi üçin, ýakynda ýurtda işläp ýören Russiýanyň MTS kompaniýasy bilen başlan biznes konfliktini ýitileşmegi prezidentiň we onuň hökümetiniň halkara abraýyna uly zyýan ýetirdi.

Häzirki dünýäde aragatnaşyk pudagy iň köp girdeji getirýän pudaklaryň biri bolsa-da, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri öz dolandyrýan hojalygyny döwlet bergilerine çümdürdi. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, prezident oňa käýinç yglan edipdir. Oňa käýinç yglan edilen bolsa-da, onuň bilen ýitirilen ençeme puluň, abraýyň öwezini dolup bolmaýar.

Häzir aragatnaşyk ministri “Altyn Asyr” mobil operatorynyň öýjükli aragatnaşygyny kämilleşdirmek üçin Hytaýda öndürilen ýene bir uly enjamy satyn almakçy bolýar. Şeýle seredeniňde, bu zatlary MTS-i ýapmankaň etmelidi. Belki-de şertnamany hemme gurallaryňy sazlanyňdan soň ýatyrsa bolardy. Emma adatça bolşy ýaly, bu gezek hem bu ýagdaýa biparh garaldy. Sebäbi bizde wezipäni gaty gowy görýärler, jogap bermäni bolsa halamýarlar, hatda islemeýärler.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG