Sepleriň elýeterliligi

Howa Moskwanyň Domodedowo aeroportyna ýaramaz täsir etdi


Düýn Moskwanyň Domodedowo aeroportynda gar hem-de ýagyşly howa zerärli bulam-bujarlyk ýüze çykyp, ol uçar gatnawlaryna ýaramaz täsirini ýetirdi.

“Interfaks” habar agentligi ençeme uçaryň uçuşynyň yza süýşürilenligini we käbir ýolagçylaryň hepdäniň başyndan bäri aeroportda garaşýandyklaryny habar berýär.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Domodedowo aeroportynda uçarlara garaşýan adamlaryň sanynyň köplügi zerärli, ýolagçylar gatnap başlan uçarlaryna hem wagtynda ýetişmekde kynçylyk çekýärler.

Şeýle-de, aeroportyň elektrik üpjünçiligi meselesinde hem kynçylyklaryň emele gelenligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG