Sepleriň elýeterliligi

2010-nji ýylda ÖYH-niň 52 agzasy öldürilipdir


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän SITE atly aňtaw toparynyň maglumatyna görä, 2010-njy ýylda “Özbegistanyň Yslam Hereketi” atly radikal toparyň 52 agzasy öldürilipdir.

Olardan ýarpysyndan gowragynyň uçarlar arkaly amala aşyrylan hüjümlerde heläk bolanlygy aýdylýar.

24-nji dekabrda “Şumh-ul-Yslam” atly topar tarapyndan çap edilen maglumatda “Özbegistanyň Yslam Hereketi” toparynyň söweşijileriniň Täjigistanda, Owganystanda we Pakistanda dowam edýän çaknaşyklara gatnaşýandyklary aýdylýar.

Orsýetiň “Interfaks” habar agentligi 12-nji dekabrda çap eden maglumatynda Özbegistanda ekstremist toparlaryň agzasydygy aýdylýan 12 adamyň türme tussaglygyna höküm edilenligini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG