Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2010-njy ýyl Merkezi Aziýada-da yz galdyrdy


O.Moldalyýew: “Demokratiýa Merkezi Aziýada henizem möhüm mesele bolmagynda galýar”.
O.Moldalyýew: “Demokratiýa Merkezi Aziýada henizem möhüm mesele bolmagynda galýar”.

2010-njy ýylda Merkezi Aziýada bolan iň möhüm wakalardan birem Gyrgyzystandaky aprel rewolýusiýasy hasaplanylýar. Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere 2010-njy ýylda Merkezi Aziýada bolan käbir möhüm wakalar barada gyrgyzystanly belli syýasatşynas, syýasy ylymlaryň kandidaty Orozbek Moldalyýew bilen söhbetdeş boldy.


Gyrgyzystanly syýasatşynas, syýasy ylymlaryň kandidaty Orozbek Moldalyýew.
Azatlyk Radiosy: Jenap Moldalyýew, siziň pikiriňizçe, 2010-njy ýylda Merkezi Aziýada bolan wakalardan haýsylaryny iň möhüm wakalar diýip hasaplap bolar?

O.Moldalyýew: 2010-njy ýylda Merkezi Aziýada bolan möhüm waka hökmünde Gazagystanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHHG) ýolbaşçylyk etmegini aýtmak mümkin. Gazagystan öňki Soýuz dargandan soňra dörän döwletleriň arasynda ilkinji bolup YHHG-ä ýolbaşçylyk etdi.

2010-njy ýylyň aprel aýynda Gyrgyzystanda rewolýusiýa boldy. Kurmanbek Bakyýew häkimiýet başyndan gitdi we täze konstitusiýa kabul edildi. Referendum arkaly Gyrgyzystan parlament dolandyryşyna geçdi we saýlawlar geçirildi. Şeýlelikde, Gyrgyzystan Merkezi Aziýada parlament dolandyryşyna geçen ilkinji ýurt boldy.

Türkmenistan barada aýdylanda, ol ykdysady özbaşdaklygyny giňeldip, daşary ýurtlar bilen özara söwdany ösdürmäge mümkinçilik aldy. Türkmenistan Özbegistan we Gazagystan arkaly Hytaýa çekilen gazgeçiriji arkaly gaz akdyryp başlady. Şeýdibem, ol gaz eksportynda Orsýete elgaramalykdan çykdy. Muňa uly ösüş diýmek bolar.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, 2010-njy ýylda demokratiýa babatda regionda nähili özgerişler boldy?

O.Moldalyýew: Biziň regionymyzda demokratiýa ornaşýar. Bu ugurda tagalla edýän hereketler bar. Emma Gyrgyzystanda söz azatlygy bolsa-da, beýleki goňşy ýurtlarda häzirlikçe söz azatlygy ýok. Internet barha çäklendirilýär, garaşsyz žurnalistlere azar berilýär we ynsan hukuklary gödek bozulýar. Şol sebäpden, demokratiýa Merkezi Aziýada henizem möhüm mesele bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosy: 2010-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Orsýet we Günbatar bilen gatnaşyklaryna nähili baha berip bolar?

O.Moldalyýew: 2010-njy ýylda Orsýet Merkezi Aziýa täsirini ösdürmek ugrundaky aladasyny dowam etdirdi. Gyrgyzystanda başlanan wakalar barada Orsýetiň resmileri ýekeje-de gowy pikir aýtmadylar. Prezident Dmitriý Medwedew Gyrgyzystanda graždanlyk urşy bolar, ýurt ikä bölüner diýdi. Ol Gyrgyzystanyň parlament sistemasyna geçmeginiň şowly bolmajakdygyny aýdyp, ony goldamady.

Başga döwletler Bakyýewi Minskä gaçyrmaga kömek etdiler. Elbetde, bu ýyl Orsýet Merkezi Aziýa syýasy, ykdysady täsirini güýçlendirmek ugrundaky aladasyny kemeltmedi. Kremliň maksady regiondaky ähli ýurtda Orsýete wepaly prezidentiň bolmagyny gazanmak.

Elbetde, günbatar döwletleri adam hukuklaryny we söz azatlygyny birinji orunda goýmagyny dowam etdirdiler. Mysal üçin, Günbatar aprel rewolýusiýasyndan soňra Gyrgyzystana moral we ykdysady taýdan kömegi etdi. Demokratiýa ugrunda nähili kömek zerur bolsa, biz şol kömegi bereris diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gyrgzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewany Neýu Ýorkda kabul etdi. Şonuň ýaly-da, Günbatardan, Ýewropadan ýokary derejeli resmiler Gyrgyzystana gelip, donorlyk, ykdysady kömekleri bermäge taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýdibem, Günbatar regiondaky demokratik ösuşleri goldady.

Azatlyk Radiosy: Jenap Moldalyýew, täze 2011-nji ýylda Merkezi Aziýada nähili özgerişlere garaşýarsyňyz?

O.Moldalyýew: Merkezi Aziýa döwletleriniň integrasiýa ugrunda işlemekleri mümkin. Eger region syýasy, ykdysady taýdan birleşmese, onda daşky güýçler olary bölmäge çalşarlar. Regiondaky döwletleriň hut şu ugurda işlemekleri gerek.

2011-nji ýyldaky maksat Merkezi Aziýada halklaryň dostlugyny, özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bolmaly. Biziň halklarymyz Merkezi Aziýanyň demokratik, asuda region bolmagy üçin tagalla etmeli.
XS
SM
MD
LG