Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky ukrain resmileri burça gabalýar


Protestçileriň bir topary öňki içeri işler ministri Ý.Lutsenkonyň boşadylmagyna çagyryş edýärler. Kiýew, 28-nji dekabr, 2010.
Protestçileriň bir topary öňki içeri işler ministri Ý.Lutsenkonyň boşadylmagyna çagyryş edýärler. Kiýew, 28-nji dekabr, 2010.

Soňky wagtlar Ukrainanyň ozalky hökümet resmilerinden ençemesine garşy jenaýat işi gozgaldy. 26-njy dekabrda bu resmilerin hataryna öňki içeri işler ministri Ýuriý Lutsenko hem gosuldy.


Ýuriý Lutsenkonyň tussag edilmeginiň yzysüre onuň partiýasynyň web-sahypasynda ýerleşdirilen kommentaride bu tussag etmäniň “Ukrain jemgyýetini gorkuzmaklyga çalşylýandygyny we oppozisiýa garşy syýasy terror syýasatynynyň ýöredeilýändigini” tassyklaýandygy öňe sürüldi.

Ýuriý Lutsenko Ukrainanyň öňki premýer-ministri, häzirki oppozisiýa lideri Ýuliýa Timoşenkonyň öňki hökümetiniň kanun bozmalarda aýyplanýan ozalky ýokary derejeli resmileriniň sanawynda.

Prezident Wiktor Ýanukowiçiň häzirki administrasiýasy her bir hökümet işgäriniň öz eden etmişi üçin jogapkärçilige çekilmelidigini nygtaýar. Emma, oppozisiýanyň wekilleriniň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, häzirki hökümet döwlet kanunlaryny hökümete garşy çykýanlary jezalandyrmak ýa-da gorkuzmak üçin ulanýar.

Sanawlar artýar

Işleri derňelýän ýokary derejeli resmileriň arasyna Ýuliýa Timoşenkonyň özi hem düşdi. Ol gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

Tussag edilenleriň sanawynda tebigatyň goragy üçin goýberilen pullary öz bähbidine ulanmakda aýyplanyp tutulan, öňki tebigaty goraýyş ministri Georgiý Filipçuk, hökümet serişdelerini bikanun ulanmakda aýyplanyp tussag edilen, ozalky maliýe ministri Bogdan Danylyşin dagylar hem bar.

Bu sanawa geçen hepde Ukrainanyň öňki adalat ministriniň orunbasary Ýewgen Korniýçuk hem goşuldy. Oňa wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandy diýlen aýyplama ýöňkeldi.

Ukrainanyň prezidenti W.Ýanukowiç ýurduň telewideniýesine beren interwýusynda bu adamlaryň işi boýunça derňew işleriniň obýektiw alnyp barylýandygyny, şeýle-de Ý.Timoşenkonyň özüni goramagy üçin onuň ähli mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

“Ýuliýa Wolodymyrownanyň özüni goramagy üçin onuň ähli mümkinçiligi bar. Men bu prosesleri durzup, bu işleri derňemeli ýa-da derňemeli däl diýip bilmeýärin. Muny hiç kimem etmeli däldir. Onsoňam, döwlet baştutanynyň beýle ygtyýarlyklary hem ýok” diyip, prezidenti W.Ýanukowiç çykyş etdi.

“Ozalkylardan” ar almakmy?

Suduň dogruçyl işleýändiginiň mysaly barada aýdylmaly bolsa, geçen hepde prokuratura ýurduň gümrük gullugynyň häzirki başlygynyň orunbasary Wiktor Bondara garşy hem jenaýatçylyk işini gozgady.

Ýöne, muňa garamazdan, W.Bondaryň ozalky häkimýet bilen hem berk gatnaşyklarynyň bardygyny bellemelidir. Ol öňki hökümetde transport ministri we Dnepropetrowsk regionynyň häkimi bolupdy. Şeýle-de, W.Bondar şu ýylky prezidentlik saýlawlarynda Ý.Timoşenkony goldady.

Ukrainanyň baş prokurory Wiktor Pşonkanyň 24-nji dekabrda Kiýewde geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, soňky ýyllarda prokurorlar häzirki we öňki ýokary derejeli resmileriň 18-sine garşy iş gozgapdyr. Onuň aýdyşyça, Şol resmileriň ýurda ýetiren zyýany 17 milliard griwna (2.1 milliard dollar töweregi) diýlip çaklanylýar.

“Men häzirki hökümete ýüzlenýärin, eger-de siz ýurduň býujetine özüňizden ozalkylar ýaly ýeňil-ýelpaý çemeleşseňiz, onda siz şol bir derňewçiler tarapyndan, şol bir kabinetlerde sorag edilersiňiz. Şeýle-de, siz öňki hökümet resmileriniň häzirki oturan derňew edaralarynda-da oturarsyňyz. Ähli kişi kanunyň öňünde deňdir: täze hökümetiň resmilerimi ýa-da öňki hökümetiň resmileri - parhy ýok. Döwletiň pullaryna el urmaň!” diýip, baş prokuror Wiktor Pşonka öz çykyşynda nygtady.

Emma, käbir synçylaryň aýtmagyna görä, geçirilýän bu derňewleriň syýasy matlaby bar. Ý.Timoşenko özüne garşy geçirilýän derňew işlerine “mafiýanyň ar almasy” diýip häsiýetnama berdi.

“Olar biziň toparymyza we maşgalalarymyza, hususan-da, meniň özüme garşy terrorçylyk edýärler. Meniň çakymça, olar özleriniň wagtynyň çäklidigine düşünýärler. Biziň maglumatlarymyza görä, olar parlament saýlawlaryndan öň ähli oppazisiýa wekillerini türmä saljak bolýarlar” diyip, Ý.Timoşenko häzirki ýagdaýa düşündiriş berdi.

Käbir ukrain analitikleri öňki ýokary derejeli resmilere garşy alnyp barylýan häzirki kampaniýa prezident W.Ýanikowiçiň ýaranlaryny häkimiýetdäki ýokary kürsülerde oturtmak maksady bilen alnyp barylýar diyip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG