Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maslahat problemalardan sowa geçdi


M.Akmämmedow bol-elin ýaşaýyş we netijeli işlemek üçin döreden ähli şertleri üçin prezidente minnetdarlyk bildirdi.
M.Akmämmedow bol-elin ýaşaýyş we netijeli işlemek üçin döreden ähli şertleri üçin prezidente minnetdarlyk bildirdi.

Duşenbe güni geçen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow ýurtda amala aşyrylýan uly möçberli işler hakda Mejlisiň deputatlarynyň täze ýylda ilatyň arasynda has köp wagyz etmeklerini tabşyrdy.


Hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Tuwakmämmet Japarow prezidentiň tabşyrygy bilen eýýäm 2010-njy ýylyň dekabr aýy üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we studentlere stipendiýalaryň doly tölenendigini aýtdy.

Türkmenistanyň käbir ýaşaýjylary häkimiýetleriň bu ädiminiň örän gowudygyny belleseler-de, ýylyň dowamynda aýlyklaryň, pensiýalaryň wagtal-wagtal galdyrylýandygyna garamazdan, onuň kadaly güzeran üçin entegem azdygyny nygtaýarlar.

Problemalara anyk mysallar

Bu barada Aşgabadyň ýaşaýjysy, 67 ýaşly Bahar eje Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda pensiýalaryň azdygyny aýtdy: “Bazarda harytlaryň bolçulygy bar. Emma pensiýa ýetmeýär. Dermanlaryň bahasy hem gymmat we olary satyn alyp bilemzok. Onsoň olary kommersiýa dükanlaryndan gymmat bahadan satyn almaly bolýarys. Şu ýagdaýlara gözegçilik etseler, has-da gowy boljak”.

Şonuň ýaly-da, duşenbe güni bolan hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow oba-hojalygynda uly ösüşleriň gazanylandygyny belledi. Ol oba zähmetkeşleriniň adyndan çykyş edip, bol-elin ýaşaýyş we netijeli işlemek üçin “döreden” ähli şertleri üçin prezidente minnetdarlyk bildirdi.

Emma Azatlyk Radiosyna interwýu beren käbir daýhanlar soňky ýyllarda oba zähmetkeşleri üçin mümkinçilikleriň köpelendigini belleseler-de, entek çözülmeli meseleleriň hem köpdügini aýdýarlar. Şolaryň biri, maryly daýhan zenan Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda oba ýerlerinde satyn alynýan pagtanyň, dänäniň tohumynyň hiliniň pesdigini aýtdy.

“Daýhan hojalyklarynda dänäniň, pagtanyň tohumyny gowulandyrmak ugrunda işlense gowy boljak. Sebäbi arassa tohum ýok. Ýüpek pagtanyň tohumy ak pagtanyň, ak pagtanyň tohumy bolsa ýüpek pagtanyňky bilen garylan” diýip, Mary welaýatynda ýaşaýan daýhan zenan belledi.

Diňe gowulyklara üns çekildi

Duşenbe günki hökümet maslahatyndaky çykyşynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary D.Orazow täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 29-njy dekabrda geçiriljek çärelere we 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak bäşinji Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Prezident G.Berdimuhamedow agzalýan Aziýa oýunlarynda türkmen sportsmenleriniň taýýarlygyny ýokary derejede üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Ol şular ýaly halkara ýaryşlarynyň Türkmenistanyň at-abraýynyň ösmegine kömek etjekdigini belledi.

Soňky ýyllarda türkmenistanly sportsmenler halkara ýaryşlaryna köp gatnaşyp başladylar we käbir baýraklary hem aldylar. Mysal üçin, ýakynda Orsýetiň Kaluga oblastynda geçen halkara ýaryşynda türkmenistanly 36 ýaşly Jawad Açylow nyşana pyçak zyňmakda dünýäniň çempiony boldy.

Energiýa syýasaty

Düýnki hökümet maslahatynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Hytaýa, Eýrana gazyň akdyrylyşyny köpeltmek üçin edilýän işler, Hazar deňziniň türkmen ýalpaklarynda dowam edýän barlaglar barada-da gürrüň berdi.

Emma ol Transowgan gazgeçirijisi ýa-da Türkmenistanyň 40 milliard kubometr tebigi gaz bermegi wada eden “Nabukko” proýekti hakynda hiç zat aýtmady.

Emma bu maslahatda daşary işler ministri Raşid Meredow geçip barýan ýylda gazanylan üstünlikleriň biri hökmünde Transowgan gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamaga ýol açan bilelikdäki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan sammitiniň uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň prezidentleri we Hindistanyň energiýa ministri uzynlygy 1700 kilometr çemesi Transowgan gazgeçirijisini gurmak baradaky ylalaşyga gol goýdular.

Duşenbe güni geçirilen hökümet maslahatyny jemlän prezident G.Berdimuhamedow 2010-njy ýylda öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetirilendigini aýdyp, garaşsyzlygyň
20 ýyllygy bellenýän 2011-nji ýylda hemmelere saglyk, bagt we işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
XS
SM
MD
LG