Sepleriň elýeterliligi

Medwedew aeroportlardaky ýagdaýlar boýunça görkezme berdi


Düýn Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň prokuraturasyna Moskwanyň aeroportlaryndaky uçuşlaryň togtamagy bilen baglylykda degişli derňew işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Sowuk howa şertleri we eletkrik energiýasynyň bökdençlikleri sebäpli soňky üç günüň dowamynda Moskwanyň “Domodedowo” we “Şeremetýowa” aeroportlarynda 200-den gowrak uçuşlar ýatyryldy. Bu ýagdaý sebäpli ýolagçylar aeroportyň käbir terminallarynda protest geçirdiler.

Orsýetiň NTW telekanalynyň habarçysy Pawel Selin aeroportdaky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Men häzir Şeremetýowa aeroportynyň ‘D’ terminalynda ýerleşýärin. Bu ýerde bolup geçýän zatlary doly ýykgynçylyk we haos diýip atlandyrsa bolar. Bärdäki adamlar birnäçe günläp eýýäm hiç ýere uçup bilmeýaniniň üstesine, olar öz reýsleri barada hiç hili maglumat hem alyp bilenoklar. Bärde ne aeroportyň, ne-de aeroflotyň wekilleri bar. Olaryň ählisi bir ýere gürüm-jürüm bolupdyrlar”.
XS
SM
MD
LG