Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi Orsýet Günbataryň ýazgarmalaryny ret edýär


Düýn Orsýetiň Daşary işler ministrligi öňki nebit biznesmeni Mihail Hodorkowskiniň üstünden geçirilýän ikinji sud işini günbatar ýurtlaryň ýazgarmagyny “kabul ederliksizdir” diýip, häsiýetlendirdi.

Şeýle-de, Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda bu sud işiniň çözgüdi öňünden kesgitlenen diýlen aýyplamalaryň hem “düýpsüzdigi” aýdylýar.

Mihail Hodorkowskiý we onuň egindeşi Platon Lebedýew salgyt galplyklarynda aýyplanyp, eýýäm 2003-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýarlar.

Olar indi “Ýukos” şirketinden we onuň bölümlerinden millionlarça tonna nebit ogurlamakda we milliardlarça dollar möçberinde hapa pullary ýuwmakda aýyplanýar. Şunuň bilen baglylykda olaryň goşmaça türme tussaglygyna höküm edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG