Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kot D’Iwuaryň ilaty Liberiýa gaçyp başlady


Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Afrika kontinentindäki Kot D’Iwuar döwletiniň ýaşaýjylarynyň 20 müňden gowragy Liberiýa göç edipdir.

Göç eden bu adamlar Kot D’Iwuardaky dawaly prezident saýlawlary bilen bagly ýurtdaky dörän syýasy durgunlygygyň graždan urşuna ýazmagyndan howatyrlanýarlar.

BMG-niň maglumatlaryna laýyklykda, bu bosgunlaryň aglaba bölegi aýallar we çagalardyr.

Häzir Kot D’Iwuardaky ilat prezidentlik saýlawlaryndan soňra ikä bölündi. Ilatyň bir bölegi ýurduň häzirki prezidenti Laurent Gbagbony goldaýar, beýleki bir bölegi bolsa Alassane Ouattaranyň tarapyny tutýar.

Alassane Ouattara halkara jemgyýetçilik tarapyndan hem prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi hökmünde ykrar edilipdi.
XS
SM
MD
LG