Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putinizm bilen Ýewrointegrasiýany birikdirip bolmaz


Taras Kuzio: "Ýanukowiçiň administrasiýasynyň Putinizm bilen Ýewropa integrasiýasyny birikdirip bolar diýip pikir etmegi bütinleý ýalňyş zat".
Taras Kuzio: "Ýanukowiçiň administrasiýasynyň Putinizm bilen Ýewropa integrasiýasyny birikdirip bolar diýip pikir etmegi bütinleý ýalňyş zat".
Ukrainada oppozisiýanyň baştutany, öňki premýer-ministr Ýulia Timoşenko we onuň syýasy blogy “Ata Watana” edilýän hüjümiň syýasy äheňi bar. Şol bir wagtyň özünde-de edilýän hüjümiň aňyrsynda şahsy öç almak matlabynyň ýatandygy görnüp dur.

Ukrain ”Helsinki birligi” we “Harkow adam hukuklary toparynyň” dekabr beýannamasynda hem şol bildirilýän günäleriň syýasy sebäplidigi aýdylýar. ”Transparency International”, şeýle hem çet ýurtly we ukrainaly kommentatorlaryň aýtmagyna görä, Sowet Soýuzy çökeli bäri ýurdy dolandyran 14 hökümetiň diňe biriniň korrupsiýada aýyplanmagy gülkünç zat.

Ýanukowiçiň hem işine seretmeli bolar

Ozalky 14 hökümetiň we üç prezidentiň işleriniň garaşsyz halkara guramasy tarapyndan barlanmagynyň Ukrainada oňat garşylanjakdygyna şübhe ýok. Ýöne bitarap halkara derňewi mümkin däl. Sebäbi ol ukrain elitasynyň aglabasynyň, şol sanda prezident Wiktor Ýanukowiçiň hem işine seretmeli bolar.

Üstesine-de, aýratyn-da,Ýunukowiç prezidentlige saýlanaly bäri geçen sud prosesi ýa jenaýat işleriniň derňelmegi adalatly we kanuna laýyk bolup bilmez. Sebäbi Ukrainanyň sud sistemasy Ýanukowiçiň ýolbaşçylygynda öňkülerinden has korrumpirlendi. Ýanukowiç geleli bäri sud sistemasy garaşsyzlygyny ýitirdi. Baş prokuror Wiktor Pşenko telewideniýedäki interwiýularynyň birinde özüniň garaşsyz organ däl-de, Ýanukowiçiň toparyna degişlidigini boýun aldy.

Ýene bir bellenilmeli zat, häkimiýetleriň oppozisiýany tutuşlygyna däl-de, onuň giňden tanalýan güýjüni, ýagny Timoşenko bilen “Ata Watan” partiýasyny nyşana alýanlygy. Timoşenkonyň 2007-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli ýurdy dolandyran iki hökümeti onuň öz blogy, “Biziň ukrain halkymyzyň goranmagy”, şeýle hem parlamentiň başlygy Wolodimir Litwiniň blogunyň kabinete degişli agzalaryndan düzülipdi. Ýöne häkimiýetler bu iki bloguň kabinet agzalaryny nyşana alanok.

Iki netije

Timoşenkonyň yzarlanmagyndan iki netije çykaryp bilýäris. Bularyň birinjisi, Ýanukowiçiň adamlarynyň näbelli wagta çenli häkimiýet başynda galmagy planlaşdyrýanlygy. Olar munuň üçin öz erkindäki ähli mümkinçiliklerden peýdalanmakçy. 2010-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda edişleri ýaly, olar bikanun serişdelerden hem gaçjak däller. Orta gatlaga degişli biznes toparynyň we syýasy aňly-düşünjeli ukrainleriň protestlerine garamazdan Timoşenko bilen oppozisiýanyň yzarlanmagy olaryň ”mämişi güýçleriň” gaýtadan häkimiýet başyna gelip, özlerinden öç almagyndan gorkmaýandyklaryny görkezýär. Häkimiýet başyndan gitmek gorkusy netijesinde olaryň 2012-nji we 2015-nji ýylda 2004-nji we 2010-njy ýylyň oktýabryndakydan has uly aldawçylyga ýüz urmak ähtimallygy gaty ýokary.

Çykarylýan ikinji netije-de, Ýanukowiçiň administrasiýasynyň Ýewropa Bileleşigine agzalygy çyny bilen islemeýänligi. Resmi güýje eýe bolaly bäri häzirki häkimiýetler demokratiýany sistemalaýyn sökmek bilen meşgullanýarlar. Erkin saýlawlar we erkin media edilýän hüjümler muny aýdyň görkezýär. Parlamentarizm dargadyldy. Olar indi hem esasy oppozisiýany dargadyp ýörler. Häkimiýetler Brýussel bu zatlary görmezlige salar öýdär.

Ukrainanyň ýolbaşçylary ýurtda özleriniň dolandyrylýan demokratiýany ornaşdyrmak niýetinde berk durana meňzeýär. Timoşenkonyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýany aradan aýyrmak munuň bir aspekti bolup durýar. Ýanukowiçiň administrasiýasynyň Putinizm bilen Ýewropa integrasiýasyny birikdirip bolar diýip pikir etmegi bütinleý ýalňyş zat. Geljek iki ýylyň içinde Brýussel bilen Kiýewiň gatnaşyklarynda peýda boljak krizisler hem Ýewropa Bileleşiginiň Belarus baradaky kynçylyklaryny hol yzda galdyrar.

Taras Kuzio Waşingtonda ýerleşýän Johns Hopkins uniwersitetindäki Transatlantik gatnaşyklar merkezine degişli Austrian Marşal Plan fondunyň alymy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG