Sepleriň elýeterliligi

Päkistan: Bulujystan konfliktiň çatrygynda


Saýed Ali Şah: "Bulujystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň gitdigiçe ýaramazlaşmagy bu hereketlere näme zatlaryň sebäp bolýandygyny ýa olaryň aňyrsynda kimleriň ýatandygyny anyklamagy kynlaşdyrýar".

Saýed Ali Şah: "Bulujystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň gitdigiçe ýaramazlaşmagy bu hereketlere näme zatlaryň sebäp bolýandygyny ýa olaryň aňyrsynda kimleriň ýatandygyny anyklamagy kynlaşdyrýar".

Päkistanyň Bulujystan welaýatynda öldürilýän adamlaryň sanynyň artmagy bilen resurslara baý bu regionda o diýen ýokary bolmadyk separatistik konflikt möwjär diýlip, gorky edilýär.

Eýrandyr Owganystan bilen serhetdeş, Päkistanyň Kaýber-Pahtumhwa, Penjab we Sindh welaýatlary bilen goňşy Bulujystan ozal uzak waglap regionda bäsleşikleriň we gazaply hereketleriň kesişýän çatrygydy. Ýöne soňky wagtlarda ýüz berýän zorluklar buluçlaryň öz hereketi bilen bagly bolup görünýär. Ýörite nyşana alnyp öldürilýän adamlar separatistlikde şübhelenilýän syýasy ýolbaşçylar, hökümet işgärleri, žurnalistler we hatda mugallymlar hem studentler.

Soňky günlerde öldürilenleriň biri Bulujystanyň “Milli partiýasynyň” bir ýolbaşçysy Abdul Latif Şahwani. Ol 26-njy dekabrda atylyp öldürildi. Şol gün atylyp öldürilen ýene dört adamyň jesedi tapyldy. Soňra bularyň hem buluç milletçi fraksiýasynyň tarapdarlarydygy anyklandy.

Päkistanyň garaşsyz “Adam hukuklary komissiýasynyň” haýryna işleýan aklawçy Zahoor Ahmed Şahwani ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Päkistanyň Adam hukuklary kossiýasy üçin ýygnan maglumatlarymyzyň görkezmegine görä, 60-70 töweregi jeset tapylyp, kimlikleri anyklandy. Bularyň aglabasy özleriniň dürli aňtaw gulluklary ýa polisiýa tarapyndan tussag edilendigini aýdyp, Bulujystanyň ýokary suduna ýüz tutan adamlar”.

Päkistandan bölünip aýrylmak maksady bilen ýaragly gozgalaňy alyp barýan buluç milletçi toparlary Yslamabady soňky ýyllarda müňlerçe buluç syýasy aktiwistlerini ogurlap, tussag edenlikde aýyplaýarlar. Yslamabad hem buluç separatistlerini esgerleri, hökümetiň tarapyny çalýan syýasatçylary we ençeme nesil bäri buluç şäherlerinde ýaşan etnik penjablylary öldürýänlikde aýyplaýar.

Sebäpkär kim?

Saýed Ali Şah Bulujystanyň welaýat merkezi Guettada ýaşan žurnalist. Ol regionda howpsuzlyk ýagdaýynyň barha aşaklap, ýörite pul alyp boşatmak üçin ogurlanýan adamlaryň sanynyň köpelýänligini aýdýar: “Adamlaryň ýörite nyşana alnyp öldürilmegi ýa ogurlanmagy bilen baglylykda tutulanlar köp däl. Aslynda olar asla tutalanok diýseň hem boljak”.

Şahyň aýtmagyna görä, bu adamlaryň öldürilmeginde jogapkärçiligi öz üstüne alýan köplenç söweşiji toparlar. Ýöne regionda howpsuzlyk ýagdaýynyň gitdigiçe ýaramazlaşmagy bu hereketlere näme zatlaryň sebäp bolýandygyny ýa olaryň aňyrsynda kimleriň ýatandygyny anyklamagy kynlaşdyrýar. Bularyň käbiriniň buluçlaryň separatistik meselesi bilen baglydygy belli. Ýöne sünnüler bilen şaýylaryň arasyndaky konfliktler, Talibanyň öz ýerli garşydaşlaryna gönükdirýän urgulary, adamlaryň ýörite pul almak üçin ogurlanmagy hem ünsden düşürilmeli däl.

Päkistanyň “Halk partiýasynyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet buluç halkyndan açyk ötünç sorap, regionda bir ykdysady programmany ýola goýjakdygyny aýtdy. Ýöne munuň eden täsiri ýok. Tanymal buluç žurnalisti Şahzada Zulfigaryň pikiriçe, gepleşik bolmasa, welaýatda asudalyk bolmaz: “Iki tarapyň-da güýç ulanmagy ýalňyş zat. Bu bir syýasy problema. Onuň çözgüdi üçin ýolbaşçylar oturyp, özara gürleşmeli”.
XS
SM
MD
LG