Sepleriň elýeterliligi

Obama Senatyň kararyna garaşman, täze ilçileri belledi


Düýn ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz ygtyýarlygyndan peýdalanyp, dört ýurt boýunça ABŞ-nyň ilçilerini wezipä belledi. Olaryň kandidaturasyna Senat ençeme aýdan bäri garşy çykyp gelýärdi.

Çarşenbe güni Ak Tam tarapyndan çap edilen beýanatda “Prezident öz ygtyýarlygyndan peýdalanyp, Azerbaýjan, Siriýa, Türkiýe we Çehiýa boýunça ilçileri wagtlaýyn möhlet bilen wezipä belledi” diýilýär.

“Wagtlaýyn möhlet boýunça wezipä bellemek” baradaky kararlar, umuman, Senat dynç alyşda bolan mahalynda kabul edilýär we bu möhlet Kongresiň gaýtadan işläp başlan mahalynda tamamlanýar.

Obamanyň kararyna görä, Robert Ford ABŞ-nyň Siriýadaky, Matýu Bryza Azerbaýjandaky, Frank Rikkardo Türkiýedäki ilçisi wezipesini ýerine ýetirer. Olaryň ählisi weteran diplomatlardyr.
XS
SM
MD
LG