Sepleriň elýeterliligi

W.Putin “Start” şertnamasyna gowy baha berdi


Düýn Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Waşington bilen Moskwanyň arasynda ýadro ýaraglarynyň azaldylmagy barada gelnen ylalaşyga gowy baha berdi.

Putiniň düýnki öňe süren bu pikri “Start” diýlip atlandyrylýan bu şertnamanyň ABŞ-nyň Senaty tarapyndan geçen hepde tassyklanmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Habarçylar bilen duşuşygynda W.Putin bu şertnamanyň Dmitriý Medwedewiň daşary sýyasat boýunça uly üstünligi bolanlygyny belledi.

W.Putin bu şertnamanyň halkara howpsuzlygyny artdyrjakdygyny we maýa goýumlar boýunça şertleri ösdürmek arkaly, Orsýetiň ykdysadyýetine gowy täsirini ýetirjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG