Sepleriň elýeterliligi

Tussaglykdaky belarusly syýasatçynyň ýagdaýy agyr


Mundan 10 gün ozal tussag edilen belarusly sýyasatçy Uladzimir Nýaklýaýewiň aklawçysy düýn öz müşderisiniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Uladzimir Nýaklýaýew prezidentlige dalaş eden syýasatçylardan biri bolup, ol ençeme beýleki kandidatlar bilen bir hatarda 19-njy dekabrda Minskde geçirilen protestleriň dowamynda tussag edilipdi.

U.Nýaklýaýewiň aklawçysy Tamara Sidarenko öz müşderisiniň gan basyşynyň aşa güýçlenenligini aýdyp, onuň derhal azat edilip, keselhana ýerleşdirilmegine rugsat edilmegini talap edýär.

Tamara Sidarenko 19-njy dekabrda geçirilen protestlerden öňüsyra çakdanaşa ýenjilen Nýaklyayewy düýn baryp görendigini we onuň geplemekde hem kynçylyk çekýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG