Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň öňki premýer-ministri Brýussele çagyryldy


Ýewropanyň tanymal syýasay partiýalaryndan biri Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko ýurtdan çykmaklygyň gadagan edilendigine garamazdan, ony Brýussele çagyrdy.

Bu çakylyk belli sagçy partiýa bolan Ýewropanyň Halk partiýasy tarapyndan ýollandy.

Orsýetiň “Interfaks” habar agentliginiň maglumatyna görä, Ýewropanyň Halk partiýasynyň baş sekretary Antonio Lopez Isturiz bu pikirini ýakynda Timoşenko bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde öňe sürüpdir.

Timoşenko hökümetiň maliýe serişdelerini bikanun ulananlykda aýplanýar. Onuň özi bu aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG