Sepleriň elýeterliligi

“Karikaturaly” gohlar köşeşenok


Dawaly karikaturalary çap eden “Jyllands-Posten” gazetiniň Kopengagendäki baş ofisi. Kopengagen, 29-njy dekabr, 2010.

Dawaly karikaturalary çap eden “Jyllands-Posten” gazetiniň Kopengagendäki baş ofisi. Kopengagen, 29-njy dekabr, 2010.

Daniýanyň we Şwesiýanyň polisiýasy 2005-nji ýylda Muhammet pygamberiň karikaturasyny çap eden gazetiň redaksiýasyna terror hüjümini etmek synanyşygynda aýyplap, düýn bäş adamy tussag etdi.


Daniýanyň Howpsuzlyk we aňtaw gullugynyň (PET) berýän maglumatlaryna görä, düýn ýurduň paýtagty Kopengagenda geçirilen barlaglarda dört adam tussag edilipdir, şeýle-de tüpeňi sessiz edýän nilleri, awtomatik ýaraglary we ok-därileri ele salypdyr.

Bu tussag edilenler, ýagny, 44 ýaşly tunisli, 29 ýaşly liwanly we aslynyň niredendigi anyklanylmadyk 30 ýaşly ýene biri özlerini Şwesiýanyň ýaşaýjylary diýip atlandyrypdyrlar.

Resmileriň aýtmagyna görä, tussag edilenler sişenbe ýa-da çarşenbe güni irden Daniýa barypdyrlar. Tussag edilenleriň dördünjisi Daniýada oturym almakçy bolýan 26 ýaşly yrakly. Şwesiýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, planlaşdyrylan hüjümler bilen baglylykda 37 ýaşly Tunis asylly Şwesiýanyň raýaty hem tussag edilipdir.

Agressiýa getiren käbir sebäpler

Daniýanyň Aňtaw gullugynyň başlygy Jakob Şarf tussag edilen adamlary “Halkara terrorizmi bilen ilteşikli yslamçy söweşijiler” diýip atlandyrdy. Daniýanyň aňtaw gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, bu adamlar “Jyllands-Posten” gazetiniň binasyna girip, “mümkin boldugyça köp adamy öldürmegi” planlaşdyrypdyrlar.

2005-nji ýylyň sentýabrynda “Jyllands-Posten” gazeti Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edipdi. Bu iş dünýä musulmanlarynyň köpüsinde gahar-gazap döredipdi.

Konserwatiw musulmanlaryň bellemegine görä, pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine dine şek ýetirmek hökmünde garalýar, şeýle-de, şerigatyň kanunlaryna görä, bu etmiş üçin ölüm jezasy berilýär.

Çap edilen bu karikaturalar sebäpli 2006-njy ýylyň ýanwarynda we fewralynda dünýä musulmanlarynyň arasynda gazaply protestler bolup geçdi. Daniýanyň Damaskdaky we Beýrutdaky diplomatik binalary otlandy. Şeýle-de protestler sebäpli, Nigeriýada onlarça adam öldi. Bu karikaturalar söz azatlygy we dini barlyşyk baradaky jedelleri hem gyzyşdyrdy.

Reaksiýalar dürli-dürli

2008-nji ýylda özleriniň söz azatlygyna bolan hormatyny görkezmek üçin Daniýanyň ýene-de 20 gazeti bu karikaturalary çap etdi. Bu-da öz gezeginde Sudanda, Müsürde, Pakistanda we Indoneziýada musulmanlaryň protestlerini döredipdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda bu karikaturalardan käbirlerini çeken Kurt Westergaarda azat sözüň goragçysy hökmünde Germaniýada barýrak berildi.

K.Westergaard baýrak gowşurylyş dabarasynda bu karikaturalaryň beýle gahar-gazap döretjegini çak etmändigini aýtdy: “Biz musulman şahsyna hem edil hristianlaryňky ýa-da ýewreýleriňki ýaly garaýarys. Men bir zady nygtamakçy: Siz, musulmanlar, bir gelmişek dälsiňiz. Biz size öz durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde garaýarys”.

Daniýanyň polisiýasynyň tussag eden adamlary Westergaarda we ady agzalan gazetiň redaksiýasyna garşy ilkinji gezek hüjüm etjek bolanlar däl. 2009-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň Çikago şäherinde şu gazetiň işgärlerine hüjüm etmekde aýyplanyp, iki adam tussag edildi.

Sentýabrda Norwegiýada “Jyllands-Posten” gazetiniň redaksiýasyna hüjüm etmegi planlaşdyrýan bir kişi, şeýle-de edil şol aýda gazetiň redaksiýasyna partlaýyjy serişdeli gutyny ibermekde aýyplanyp, Kopengagende asly çeçenistanly bir adam tussag edilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG