Sepleriň elýeterliligi

Belarus oppozisiýa wekillerine resmi aýyplama bildirdi


Düýn Belarusyň häkimiýetleri ýurtdaky prezidentlik saýlawlaryndan soňra Minskdäki köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnanlykda oppozisiýa wekillerine resmi taýdan aýyplama bildirdiler.

19-njy dekabrda Minskiň “Oktýabr” meýdançasynda onlarça müň adam Aleksandr Lukaşenkonyň täzeden prezident saýlanmagyna närazylyk bildirip protest geçiripdiler. Bu protestden soňra Lukaşenko bilen bäsleşen 9 kandidatyň 7-si polisiýa tarapyndan tussag edilipdi.

Günbatar habar gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, tussag edilen 7 oppozisiýa kandidatynyň iň azyndan dördüsine köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda aýyplama bildirilýär.

Bu aýyplamalar bilen baglylykda olara 15 ýyla çenli türme tussaglygy berilmek howpy bar.
XS
SM
MD
LG