Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Demirgazyk we Günorta Koreýany dialoga çagyrdy


Düýn Orsýet Demirgazyk we Günorta Koreýa döwletlerine “birek-birege güýç görkezmegi” bes edip, ikitaraplaýyn dialoga geçmäge çagyrdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Alekseý Borodawkin Koreýa ýarym adasyndaky dartgynly ýagdaýlary maslahat etmek üçin gyssagly ýagdaýda altytaraplaýyn gepleşikleri geçirmek teklibini Hytaýyň hem goldaýandygyny sözüne goşdy.

Munuň bilen baglylykda düýn Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Jiang Ýu Hytaýyň altytaraplaýyn gepleşikleri geçirmek baradaky teklibini nobatdaky gezek dile getridi.
XS
SM
MD
LG