Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň ozalky prezidenti aýal zorlamakda aýyplandy


Düýn Ysraýylyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Moshe Katsawiň aýal zorlamakda we beýleki jynsy jenaýatlarda günälidigi barada höküm çykardy. Bu aýyplamalar sebäpli M.Katsawä azyndan 4 ýyl çemesi türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Ýurtda jynsy zorluk jenaýaty üçin 4 ýyldan 16 ýyla çenli türme tussaglygy berilýär

"Meniň pikirimçe, onuň bu işi üçin oňa adaty jezalandyrmalardan has uly jeza bermeli. Sebäbi ol Ysraýylyň prezidenti bolup oturypdy. Bu wezipede ol, adaty raýatlardan tapawutlylykda, has habardar hereket etmelidi” diýip, Ysraýylyň raýatlaryndan biri Awi Borowksi belledi.

Ysraýylyň ozalky prezidenti Moshe Katsaw özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Aýal zorlamak bilen bagly ýüze çykan galmagal sebäpli 65 ýaşly Moshe Katsaw 2007-nji ýylda masgaraçylyk bilen häkimýetden çetleşmäge mejbur bolupdy. Ol 7 ýyl töweregi Ysraýylyň prezidenti bolupdy.
XS
SM
MD
LG