Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy M.Hodorkowskini ýene alty ýyla höküm etdi


Düýn Moskwanyň sudy öňki nebit biznesmeni Mihaiyl Hodorkowskini ýene-de goşmaça alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

M.Hodorkowskiý öz şirketinden nebit ogurlamakda we bikanun ýollar arkaly pul ýuwmakda aýyplandy.

Suduň bu hökümi barada Orsýetiň “Ýabloko” partiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Mitrohin şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, bu höküm bütinleý bikanun. Bu höküm hiçem kanuna esaslanmaýar. Bu açyk görnüşde syýasy tabşyryk. Bu syýasy repressiýanyň hem bir görnüşidir”

M.Hodorkowskiý 2003-nji ýylda salgyt galplyklarynda aýyplanyp 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň bu tussaglyk möhleti şu ýyl tamamlanmalydy. Indi Hodorkowskiý 2017-nji ýyla çenli gözenegiň aňyrsynda oturmaly bolar.

Edilýän çaklamalara görä, Mihail Hodorkowskiniň sud işiniň arkasynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin dur.
XS
SM
MD
LG