Sepleriň elýeterliligi

2010-njy ýyl tamam bolýar


Aşgabadyň seýilgähinde, 2010-njy ýyl.

Aşgabadyň seýilgähinde, 2010-njy ýyl.

Ine, ýene-de bir ýyl tamam bolýar. 2010-njy ýyl bilen hoşlaşylar, täze 2011-nji ýyl garşy alynýar. Eýsem geçip barýan 2010-njy ýyl Türkmenistan üçin nähili wakalara baý boldy, bu ýyl türkmen halkyna nähili eşretleri getirdi we nähili gussalary goýdy?

Ýylyň başy býujet ulgamynda zähmet çekýänleriň iş haklarynyň 10 göterim ýokarlanmagy bilen, şeýle hem «Döwletabat—Sarahs—Hangeran» eksport gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi ýaly wakalar bilen başlandy. Güýz paslynyň ýagynsyz bolup, pagta hasylynyň bol bolmagy netijesinde Türkmenistan “ak altyn” ýygnamak planyny dolmagy başardy. Bu, hakykatdan hem, oba hojalyk pudagynda gazanylan uly üstünlikleriň biri boldy.

Maý aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ýaşulularynyň maslahatynda ýurduň prezidentiniň syýasy reforma bilen bagly eden çykyşy bolsa möhüm syýasy wakalaryň biri boldy.

Prezident bu çykyşynda ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli syýasy-durmuş özgertmeleri emeli usulda çaltlaşdyrman, ýuwaş-ýuwaşdan, ähli şertleri nazara almak bilen, köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy döretmäge hem wagt ýetdi diýip aýtdy we Türkmenistanyň Mejlisine syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň taslamasynyň üstünde işlemegi we ony taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurduň prezidentiniň bu çykyşy durgunlyk döwrüni başdan geçirýän Galkynyş ideologiýasynyň birneme öňe gobsunmagyna esas bolupdy. Şol maslahatdaky çykyşyndan soň, döwlet baştutany 9-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde partiýalary döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürýänler bar bolsa, olary goldajakdygyny aýtdy. Prezidentiň Ministrler Kabinetindäki bu çykyşy Türkmenistanyň ýaşulularynyň maslahatyndaky aýdan sözlerini has-da berkitdi.

Mundan başga-da prezident Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulynda hususy gazetleri we žurnallary döretmek boýunça pikirini öňe sürüpdi.

Sentýabryň ortalarynda prezidentiň beren wadalarynyň biri iş ýüzünde amala aşyryldy. Telekeçileriň hususy gazeti «Rysgal» neşir edilip başlandy. Emma maý aýynda syýasy partiýalar barada berlen wada welin unudylana meňzäp ugrady.

ÝHHG-den soň...

Dekabrda Astanada bolan ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşyp gelenden soň, türkmen prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, döwletiň içeri syýasaty barada durup geçdi we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ýurtda demokratik özgertmeleriň gerimini giňeltmek, hususy telekeçiligi giňden goldamak hem-de garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda prezident Türkmenistanda eýýäm hususy gazetiň çap edilip başlanandygyny, ýakyn günlerde bolsa, hususy žurnalyň neşir edilmäge hem taýýarlyk görülýändigini mälim etdi.

Görnüşi ýaly, prezidentiň ÝHHG-niň ýygnagyndan gelip eden çykyşynda, maý aýynda agzalan syýasy partiýalary döretmek baradaky pikirinden hiç zat agzalmady. Bu bolsa Türkmenistanda syýasy reformalaryň amala aşyrylmagyna garaşýanlaryň lapyny keç etdi.

Bilim pudagy

2010-njy ýyl, sözüň doly manysynda, ýurtda yglan edilen «Galkynyş» ideologiýasy üçin synag ýyly boldy. 2007-2008-nji ýyllardaky ýurtda amala aşyrylan reformalar bu bir ideologiýanyň çalaja başlangyjy bolupdy. Sebäbi şol ýyllarda mugallymlaryň iş sagatlarynyň kemeldilip, aýlyklarynyň ýokary göterilmegi, pensionerleriň pensiýalarynyň dikeldilmegi, internetiň hemmelere elýeterli edilmegi, mekdepleriň 9 ýyllykdan 10 ýyllyga, ýokary okuw mekdeplerindäki okuwlaryň 4 ýyldan bäş ýyla getirilmegi ýaly wakalar agyz doldurylyp aýdylsa-da, olar ozal hem halkyň elinde bolup, soň elinden alnyp, ýene-de yzyna gaýtarylyp berlen zatlar bolupdy.

«Galkynyş» ideologiýasy diňe bu zatlar bilen çäklenmeli däldi. Öňde has wajyp reformalar dur.

2010-njy ýyl, daşary ýurtlarda, hususan-da, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen ýaşlary üçin iň bir gussaly ýyl boldy. Gyrgyzystandaky ýüz beren syýasy wakalar sebäpli, ol ýerlerde bilimini artdyrýan ýaşlaryň köpüsi täze okuw ýylynda türkmen hökümeti tarapyndan okuwyny dowam etdirmek üçin ýurduň daşyna çykarylmady.

Ine, şu mesele ýurtda bilim ulgamyndaky wada edilen reformalaryň heniz hem durgunlygy başdan geçirýändigini görkezdi.

2008-nji ýylda ýurtda hususy we tölegli ýokary okuw mekdeplerini döretmek baradaky berlen wada 2010-njy ýylda amala aşyrylmady. Bu meseledäki reformanyň 2010-njy ýylda amala aşyrylmazlygy onuň geljek ýyllarda-da amala aşyryljagyna ynam döretmeýär. Sebäbi hususy we tölegli ýokary okuw mekdeplerini döretmek barada ýurtda hiç hili progres görünmeýär.

20-nji dekabrda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk berýän karary türkmenistanly sport söýüjileri şatlandyrdy. Ýöne bu şatlygyň höziri uzaga çekmedi.

21-nji dekabr

21-nji dekabrda Türkmenistanda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýatlama güni bellenildi we şol gün ähli ýaşaýjylaryň arasynda başagaýlyk başlandy. Hut dört ýyl mundan öň, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda bolşy ýaly «Indi näme bolarka?» diýlen sowal her bir türkmenistanlynyň kellesinde 2010-njy ýylyň 21-nji dekabrynda hem at bolup çapdy.

Elbetde, başagaýlyk Saparmyrat Nyýazowyň ýatlama güni bilen bagly däldi. Orsýetiň mobil kompaniýasy MTS-iň Türkmenistanda işiniň togtadylmagy iki milliondan gowrak adamyň keýpine sogan dogrady.

«Altyn asyr» nomerlerini almak üçin uzyn-uzyn nobatlaryň emele gelmegi, banklarda ABŞ-nyň dollarynyň azalyp, «gara bazarda» amerikan walýutasynyň nyrhynyň ýokary galmagy tamamlanyp barýan 2010-njy ýylyň ahyrky günlerinde ýurdy belli bir derejede haosa atardy.

Häzirki wagtda ýurtda gurluşyk desgalaryny alyp barýan daşary ýurt firmalarynyň içinde diňe Türkiýäniň «Polimeks» hem-de Fransiýanyň «Buig» kompaniýalary gurluşykçylaryna wagtly-wagtynda iş hakyny töläp bilýär. Beýleki daşary ýurtly gurluşyk firmalarynyň köpüsi öz işgärlerine aýlygy wagtly-wagtynda töläp bilmeýärler. Türkmenistan tarapyndan desgalaryň maliýeleşdirilmeginde haýallygyň bolmagy sebäpli, ýurtda alnyp barylýan köp gurluşyk desgalaryň işleri juda haýallady.

Tamamlanyp barýan 2010-njy ýyla durgunlyk ýyly boldy diýesiň gelýär. Çünki berlen wadalaryň hiç birisi-de iş ýüzünde amala aşyrylmady. Galkynyş ideologiýasynyň wadalarynyň geljek täze ýylda amala aşyryljakdygyny ýa-da aşyrylmajakdygyny bolsa wagt görkezer.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG