Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gaz eksporty - 2010


Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kubmetre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kubmetre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň tebigy gazynyň Russiýa 10, Eýrana 7,5, Hytaýa 4 milliard kubmetre golaý möçberde eksport edilendigi çak edilýär. Bular barada halkara habar serişdeleriniň maglumatlarynda aýdylýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň 2010-njy ýyl boýunça tebigy gaz eksportynyň mukdary 20-25 milliard kubmetr aralygynda boldy. Emma türkmen gazynyň 2010-njy ýyldaky eksport möçberi we bahasy barada anyk we resmi maglumatlar duş gelmeýär.

Orsýetiň “Wedmosti”, “Wremýa Nowosteý” gazetleriniň maglumatlaryna görä, 2010-njy ýylda “Gazproma” türkmen gazynyň her 1,000 kubmetri 220-250 amerikan dollary aralygynda bahadan satylan bolmaly. Hytaý bolsa gazyň her 1,000 kubmetri üçin Türkmenistana 195 amerikan dollaryny tölemäge ylalaşypdy. Singapuryň “PetroMin & Hydrocarbon Asia” žurnalyna görä bolsa, Eýran türkmen gazyny 2010-njy ýylda 215 dollardan gowrak bahadan alan bolmaly.

Eýran

1997-nji ýyldan bäri Eýran Türkmenistanyň günbataryndaky Körpeje-Gurtguýy gaz ýataklaryndan ýyllyk 6,5 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn alyp gelýärdi. Aslynda, Körpeje-Gurtguýy gaz ýataklaryndan Eýrana barýan turbanyň geçirijilik göwrümi ýyllyk 8 milliard kubmetre barabar, emma bu gaz geçiriji doly güýjünde örän seýrek ýagdaýda işläpdi we arasynda gaz akyşynyň doly kesilen döwürleri hem bolupdy.

2010-njy ýylyň başynda ýurduň günorta-gündogaryndaky Döwletabat gaz ýataklaryndan potensial geçirijilik göwrümi ýyllyk 12 milliard kubmetrlik gaz geçirijiniň açylmagy bilen, geljekde Eýrana eksport ediljek türkmen gazynyň ýyllyk möçberi 14 milliard kubmetre çykaryldy. 28-nji noýabrda Eýranyň demirgazygynda Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleri bu gaz geçirijiniň soňky böleginiň - Sarahs-Sangbast gaz geçirijisiniň - açylyşyna gatnaşdylar.

Şeýlelikde, Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisiniň geçirijilik göwrümi ýyllyk 12 milliard kubmetre bardy. 1997-nji ýylda açylan Körpeje-Gurtguýy we 2000-nji ýylda açylan Artyk-Lýutfabat gaz geçirijileri bilen birlikde ýakynda doly ulanyşa girizilen Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisi Türkmenistanyň Eýrana gaz eksport etmek potensialyny azyndan 20 milliard kubmetre çykardy.

Russiýa

2009-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny Russiýa akdyrýan “Orta Aziýa-Merkez” turbasynyň partlamagy netijesinde, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar täze häsiýete eýe bolupdy. Şol pursatdan soň Russiýa akdyrylýan türkmen gazynyň möçberi 5 esse azaldylyp, ýyllyk 50 milliard kubmetrden 10 milliard kubmetre getirildi we Russiýa ýyllar boýy dowam edip gelen türkmen gazyna bolan monopoliýasyny ýitirdi.

2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Russiýany prezidenti Dmitriý Medwedew Türkmenistana sapar etdi. Bu sapardan soň Orsýetiň wise-premýeri Igor Seçin Orsýetiň «Kommersant» gazetine beren interwýusynda öz ugruny Hazaryň ýakasy bilen alyp gitjek Türkmenistan – Gazagystan – Orsýet gaz geçirijisini gurmak baradaky proýektiň Ýewropa Bileleşiginde gaza bolan isleg ýokarlanýança soňa goýulmaly bolandygyny mälim etdi.

Şol interwýusynda I.Seçin Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak proýektine gatnaşmagynyň mümkindigini hem aýtdy, şeýle hem Türkmenistanyň Orsýetden sowa Ýewropa gaz satyp bilmejekdigi barada pikir ýöreti. Emma Aşgabat ors resmisiniň bu aýdanlaryna protest bildirip, özüniň energiýa syýasatyna goşulmakda Moskwany aýyplady.

TOPH

11-nji dekabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň hökümetleri Transowgan gaz geçirijisini gurmak baradaky ylalaşyga gol goýdular. TOPH diýlip atlandyrylýan bu proýektiň bahasy 7,6 milliard amerikan dollaryna deň bolar diýlip hasaplanylýar. Şol geçiriji arkaly ýylda 33 milliard kubmetr türkmen gazyny akdyrmaklyk planlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Döwletabat gaz ýatagyndan türkmen tebigy gazy uzynlygy 1 müň 700 kilometr çemesi bolan turbaprowod arkaly Owganystanyň we Päkistanyň üsti bilen Hindistana çenli akdyrylar. Ozalbaşda 1995-nji ýylda taslanan bu proýekte Hindistan 2008-nji ýylda goşuldy. Ony goldaýanlar türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrjak proýektiň 2014-nji ýylda tamamlanjakdygyna umyt baglaýarlar.

Emma, beýleki käbir analitikler ýaly, Birleşen Ştatlaryň Kolumbiýa uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory, Ýewraziýa regiony boýunça ekspert Aleksandr Kuleý hem bu proýektiň geljegine gowy baha bermäge howlukmaýar: “Merkezi Aziýanyň gazyny akdyrjak turbanyň Günorta Aziýanyň ýüregine tarap çekilmegi geosyýasy taýdan juda möhüm. Emma, gynansagam, häzir Owganystandaky ýagdaýlar gowulaşmady”.

“Nabukko”

2010-njy ýylyň sentýabr aýynda Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky, Ýewropanyň maýa goýum banky, Bütindünýä banky toparynyň agzasy bolan Halkara maliýe korporasiýasy Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” konsorsiumyna maliýe goldawyny bermek boýunça mandata gol çekişdiler. Bu waka “Nabukko” proýekti boýunça möhüm öňegidişlik diýip, “Nabukko” konsorsiumy hasap edýär.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan “Nabukko”gaz geçiriji proýektiniň uzynlygy 3,300 kilometre barabar bolup, onuň agramly bölegi – 2,730 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär. Öňki plana görä, gurluşyk 2011-nji ýylda başlanyp, proýektiň esasy bölegi 2015-nji ýylda tamamlanmalydy. Emma munuň gurluşygynyň başlanjak wagty 2012-nji ýyla süýşürildi. Oňa Türkmenistanyň ýyllyk 10 milliard kubmetr gaz akdyrmagyna garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň Kolumbiýa uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory Aleksandr Kuleýiň pikiriçe, Amerikanyň we Ýewropanyň syýasatçylary üçin “Nabukko” proýekti heniz hem möhüm bolmagynda galýar: “Bu proýekt iru-giç durmuşa geçiriler... Gijikmeler bolan hem bolsa, indiki iki ýa üç ýylyň dowamynda bu proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikler bolar, men muňa ynanýaryn”.

Täze ýollar

Hazaryň hukuk statusynyň kesgitlenmezligi Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine goşulmagyna päsgel berýär. Emma ýakynda Ýewropanyň käbir habar serişdelerinde suwuklandyrylan we gysylan türkmen gazyny tankerler arkaly Azerbaýjana aşyryp boljakdygy baradaky analizler peýda boldy. Türkmenistan bolsa 2010-njy ýylyň dowamynda Orsýetde ýasalan we himiýa we nebit önümleri üçin niýetlenen dört sany tanker gämisini satyn aldy.

2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Brýusselde geçirilen energiýa traziti boýunça Gürjüstanyň roluna bagyşlanan konferensiýada ÝB-niň energiýa boýunça komissary Günter Öttinger hem tebigy gazyň suwuklandyrylan görnüşde Ýewropa daşalmagyna degip geçdi: “Nabukko Günorta Korridor üçin zerur hasaplanýar. Emma suwuklandyrylan gaz (LNG) hem goşmaça proýekt we bu usul hem möhüm bolmagynda galýar”.

Şondan köp wagt geçmänka, 19-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebit we gaz senagaty: ösüş perspektiwalary hem halkara hyzmatdaşlygy” forumynda ýurduň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow çykyş edip, Türkmenistan Ýewropa her ýylda 40 milliard kubmetr tebigy gaz satmak üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýar diýdi. Bu bolsa suwuklandyrylan türkmen gazynyň eksporty boýunça çaklamalary hem güýçlendirdi.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kubmetre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär. Häzir ýyllyk 75 milliard kubmetr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan geljekde muny 230 milliarda kubmetre çykarmagy we onuň 180 milliard kubmetrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar. Şol sanda Hytaýa iberilýän gaz hem 2015-nji ýyla çenli 40 milliard kubmetre çykarylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG