Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Onkologik barlag


«Bu barlagyň sebäbi soňky döwürlerde aýallaryň ýatgylarynda onkologik keselleriň ýüze çykmasynyň köpelýänligi üçindir» diýip, lukmanlar barlagyň sebäbini düşündirýärler.

«Bu barlagyň sebäbi soňky döwürlerde aýallaryň ýatgylarynda onkologik keselleriň ýüze çykmasynyň köpelýänligi üçindir» diýip, lukmanlar barlagyň sebäbini düşündirýärler.

Täze ýylyň öň ýanyndaky aýlarda Türkmenistanda ýaş-u-garry aýallaryň ählisini aýal ugry boýunça barlagdan geçirmek hökmany çärä öwrüldi.

«Ýekeje aýal maşgala hem barlaga barman galmaly däldir» diýip, ýurduň oba-şäherleriniň maşgala lukmanlary öz garamagyndaky maşgalalara ýeke-ýekeden tabşyryp çykdylar. Barlaglar häzirki günlere çenli dowam edýär.

«Bu barlagyň sebäbi soňky döwürlerde aýallaryň ýatgylarynda onkologik keselleriň ýüze çykmasynyň köpelýänligi üçindir» diýip, lukmanlar barlagyň sebäbini düşündirýärler.

Ýöne haýsydyr bir saglyk öýlerinde analiz alnany bilen onkologik keseliň ýüze çykarylyp bilinmejegi, bu barlagyň aňyrsynda hapa jynsy kesellileri anyklamak meselesiniň barlygy ilat arasynda öňe sürülýär. Sebäbi onkologik keselleri anyklamak işleriniň ýurduň onkologiýa ylmy-barlag institutynda geçirilýändigini köplere mälim.

Metbugatda ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýüze çykýan waka hakdaky hakykat aýdylmasa, ilat arasynda dürli gybat-gürrüňler ýaýramagyna getirýär.

Hakykat aýdylsa-da, aýdylmasa-da, hökümet tarapyndan halkyň şeýle, köpçülikleýin halda barlagdan geçirilmegini guramak gowy zat. Şeýle başlangyçlaryň başga keseller babatda-da gurnalmagy zerur.

Umuman alanyňda, türkmenler tä keselläp, başyny ýassyga goýýança lukman gözegçiliginden geçip ýörmegi halamaýar. Soňky döwürlerde nerw keselleri köp ýüze çykýar. Ysmaz bolup ýykylýanlar diňe bir ýaşy geçen adamlaryň arasynda däl, eýsem ýaşlaryň arasynda-da örän kän. Nerw kesellileriň köplügi sebäpli, näsag koýkalary ýetmän, bu kesele sataşýanlar dessine keselhanalara ýerleşip bilmeýärler.

Diňe kesele sataşanlary anyklamak ýetirlik däl. Anyklanýan keselleriň, mysal üçin nerwi, ysmaz, onkologik keselleriň ýüze çykmasynyň sebäpleri hem anyklanaýsa gowy bolardy. Onkologik keselleriň näme sebäpden ýüze çykýanyny anyklamak heniz dünýä medisina ylmyna başartmasa-da, nerw hem ysmaz keselleriniň durmuşdaky ýetmezçilikler sebäpli bolýanyna sada adamlar hem düşünýärler. Ýöne näsagy bejereniňden, adamlar şeýle kesellere sataşmaz ýaly, olaryň hal-ýagdaýlaryny gowulamagyň ýollary gözlense-de gowy bolardy.

Käbir lukmanlaryň gürrüňlerine görä, şu ýyldan başlap, Türkmenistanda çaga onkologik kesellerini mugt bejermek göz öňüne tutulýar. Ýagdaý bolsa, bejerip bolmaýan bu kesel üçin çykdaýjylary ulular meselesinde-de aýyrmak gerek. Sebäbi sagalmajagyny bilip duran adamlara ummasyz pullary çykarmak has agyr düşýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG