Sepleriň elýeterliligi

Nemes resmileri Eýranyň hökümetine açyk hat ýazdylar


Düýn Germaniýanyň ýokary derejeli hökümet resmileriniň 100-den gowragy şu geçen oktýabr aýynda Eýranda tussag edilen germaniýaly iki sany žurnalistiň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, ýörite açyk hata gol çekdiler.

Eýranyň hökümetine gönderilen bu açyk hata gol çeken resmileriň arasynda Germaniýanyň daşary işler ministri, maliýe ministri we goranmak ministri hem bar.

Germaniýaly bu iki žurnalist 2010-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Tähranda ölüm jezasyna höküm edilen Sakineh Mohammedi Aştianiniň ogly bilen interwýu geçirenlikde aýyplanyp tussag edilipdiler.

Eýranyň häkimiýetleri bu iki žurnalistiň talabalaýyk wiza almazdan, Eýranda žurnalistik işi bilen meşgullanandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG