Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň ikinji orundaky partiýasy koalisiýadan çykýar


Düýn Pakistanyň hökümet koalisiýasynda ululygy boýunça ikinji partiýa hasaplanylýan «Muttahida Kuami» partiýasy dolandyryjy koalisiýany terk etjekdigini yglan etdi.

Bu partiýanyň metbugat sekretary Wasaý Jalil indi bu partiýanyň Milli Assambleýada we Senatda oppozisiýanyň hatarynda boljakdygyny aýtdy.

«Muttahida Kuami» partiýasy özüniň bu çäresini hökümetiň ýurtdaky howpsuzlyk çärelerini gowulandyrmaýandygyna bildirilen protest hökmünde düşündirýär.

Geçen hepde bu partiýa özüniň federal hökümetdäki iki sany ministrini yzyna çagyrypdy. Bu soňky ýagdaý premýer-ministr Ýusuf Reza Gilaniniň hökümetiniň Milli Assambleýadaky koalision agdyklygyny ýitirýändigi sebäpli, indi onuň dargamagynyň mümkindigini aňladýar.
XS
SM
MD
LG