Sepleriň elýeterliligi

Bobbi Farrell unudylmaz


Bobbi Farrell geçen hepde Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde beren nobatdaky konsertiniň yzy bilen, şäherdäki myhmanhana otagyndan öli tapyldy.

Bobbi Farrell geçen hepde Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde beren nobatdaky konsertiniň yzy bilen, şäherdäki myhmanhana otagyndan öli tapyldy.

1970-nji ýyllarda aýdym-saz äleminiň ýyldyzlaryndan biri bolan «Boni M» toparynyň esasy erkek aýdymçysy Bobbi Farrelliň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen, ozalky Sowet imperiýasynyň territoriýasynda ýaşaýan millionlarça disko muşdaklary üçin möhüm bir sahypa ýapyldy.

61 ýaşly Bobbi Farrell geçen hepde Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde beren nobatdaky konsertiniň yzy bilen, şäherdäki myhmanhana otagyndan öli tapyldy.

Orsýetde «Boni M» toparynyň muşdaklary henizem, onlarça ýyllar mundan ozalkylary ýaly, bu toparyň «Ma Baker» we «Rasputin» ýaly aýdymlaryny göýä ilkinji gezek eşidýän ýaly, uly şowhun we söýgi bilen garşy alýarlar.

«Boni M» toparynyň «Rasputin» atly aýdymy


1970-nji ýyllarda Germaniýada dörän «Boni M» topary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tas tanalmaýan topar bolan bolsa-da, özüniň ýokanç kesel ýaly tiz «ýokaşagan» we örän tansa laýyk aýdym-sazlary bilen ol Günbatar Ýewropany tutuşlygyna diýen ýaly özüne boýun egdiripdi.

Ýöne bu toparyň aýratyn kabul edilen «watany» Ýewropanyň has gündogar regionlary boldy, aýratynam, şol döwürlerde disko klublarynyň giň gerim alyp ugran ýurtlary bolan Sowet Soýuzy, Bolgariýa we Polşa ýaly ýurtlar boldy.

Bu ýurtlaryň ýerli di-jeýleri «Boni M» toparynyň Gündogar Germaniýada uly magnit lentalaryna ýazylan pes hilli ýazgylaryny ýygy-ýygydan disko klublarda ulanardylar. Bu toparyň «Riwers of Babylon» we «Daddy Cool» ýaly aýdymlary bu ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolupdy.

«Boni M» toparynyň «Daddy Cool» atly aýdymy


Şol wagtlar Sowet döwletleri Günbataryň döwrebap aýdym-saz eserlerini berk ideologiki senzuranyň astyna alýardylar.

Ol aýdym-saz ýazgylary adaty dükanlarda satuwa çykarylmaýardy, bikanun ýollar bilen daşary ýurtlardan getirilýän ýazgylar bolsa gara bazarlarda örän gymmat bahadan satylýardy. Käte bir kassetanyň bahasy Bolgariýada ýa-da Polşada ortaça aýlyk hakynyň dörtden bir bölegine dagy deňdi. Sowet Soýuzynyň territoriýasynda bolsa, bahalar has hem gymmatdy.

Başda «Boni M» topary hem kommunistik režimiň medeni ýolbaşçylary tarapyndan örän şübhe astyna alnan-da bolsa, 1978-nji ýyldan soň bu topar olaryň ynamyna girmegi başarypdy. Hususan-da, toparyň repertuaryndaky syýasata goşulmaýan mazmundaky sazlaşykly, özüne maýyl ediji ritmdäki aýdym-sazlary sosialistik ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň hem islegine laýyk bolup çykdy.

Şol wakadan bary-ýogy bir-iki ýyl öň sosialistik ýurtlarda giňden meşhurlyk gazanan Şwesiýanyň ABBA toparynyň ornuny soň «Boni M» topary eýeläpdi. Bobbi Farrelliň bu topardaky aýal-gyzlar bilen sahnalaşdyran tans tepertuary toparyň çykyşlaryna has-da özboluşly originallyk goşýardy we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň tomaşaçylarynyň duýgusyny heýjana salýardy.

Ilkinjileriň biri

Şeýlelikde, 1978-nji ýylda «Boni M» topary Sowet Soýuzynda rugsat berlen günbatarly aýdym-saz toparlaryndan ilkinjileriň biri bolupdy.

«Boni M» Gyzyl meýdançada, Moskwa, 1978-nji ýyl.
Hatda Sowet Soýuzynyň ýolbaşçylary özlerini «gowy tarapdan» görkezmek üçin 1980-nji ýylyň tomsunda olimpiýa oýunlaryna gabatlap «Boni M» toparynyň agzalaryny ýorite harby uçarda Londondan Moskwa getirip, Moskwanyň Gyzyl Meýdançasynda toparyň uly konsertini-de gurnapdylar.

«Boni M» toparynyň repertuaryndaky «Rasputin» ýaly käbir aýdymlaryň aýdylmagyna, elbetde, Kreml rugsat bermeýärdi. Sebäbi, mysal üçin, orsýetli tanymal mistiki şahsyýet bolan Grigoriý Rasputine bagyşlanylan «Rasputin» aýdymynyň goşgusy kinaýaly we tankydy mazmuna eýedi.

Elbetde, her bir zadyň modasynyň öz döwri bolýar. Sowet Soýuzyna perestroýkanyň (üýtgedip gurmaklygyň) gelmegi bilen, «Boni M» toparynyň meşhurlygy hem peseldi. Emma ol doly ýok bolup gitmedi.

1989-njy ýyldan soň toparyň düzümindäki artistler, aýratynam, zenan aýdymçylar ýygy-ýygydan çalşyrylyp duruldy. Emma bu özgerişliklere garamazdan, toparyň esasy aýdymçysy hem-de tansçysy Bobbi Farrell hemişe toparyň düzüminde galdy we ozalky sowet ýurtlarynda konsert bilen çykyş etmegini dowam etdirdi.

Bobbi Farrelliň muşdaklarynyň arasynda onuň ölüminiň Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde 29-njy dekabra gabat gelmegini totänleýin bolmadyk waka diýip hasaplaýanlary-da az däl. Çünki Bobbi Farrelliň ölümi onuň söýguli aýdymynyň gahrymany Grigoriý Rasputiniň ýaşan şäherinde boldy we Rasputiniň hut ölen gününe gabat geldi.

Nikola Krastew Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Nýu-Ýorkdaky habarçysy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG