Sepleriň elýeterliligi

Diňe bir gyz...


Şahyr söýgi hakda okaýa goşgy,
Ilkinji, baky hem päk söýgi hakda.
(Bu merkezden uzakdaky ýerlere
Uly şahyr köwlemändi bu çakda).

Durşy bilen bir gulaga öwrülen
Märeke şahyryň agzyna bakýa.
Beýik söýgi hakda gyzgyn setirler
Teşne diňleýjileň maňzyna batýa...

Diňe bir gyz ýere bakyp otyrdy.
(Ýaraly kalbynyň gussasy kändi.)
Söýgiň nämedigin, niçik zatdygyn
Ol adamdan sorap bilmeli däldi...

Bir ýeňles jalaýyň pidasy bolup,
Ýanypdy, tütäpdi, agzy bişipdi.
Az salym asmanda ganatyn ýaýyp,
Soň ganaty gyrlyp, ýere düşüpdi.

Enäniň gözýaşy, ataň şarpygy
Hem hyşy-wyşysy küren obanyň,
Juwan gyzyň daş asypdy egninden,
Haýry ýokdy giç edilen tobanyň.

Arzuwlar, kasamlar sowruldy ýele,
Ölse ýerinkidi, ölmese oňky,
Tasdan öz janyna kast edipdi gyz,
Ene sessiz aglap, diş gysyp oňdy.

Barha bogazyna bat berdi şahyr,
Ýöne bir gyz üçin aty çapmady.
Bu ertekä ynanmadyk biçäre
Turup gitmäň ebeteýin tapmady.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG