Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku meniň dünýämi sarsdyrdy


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Bakuwyň Polisiýa akademiýasynda, 2007-nji ýyl.
Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Bakuwyň Polisiýa akademiýasynda, 2007-nji ýyl.
2010-njy ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Liu Şiaobo berildi. Hytaý hem totalitar döwletiň ýigrenj tarapyny bize ýene bir gezek görkezdi.

Nobel komitetiniň bu işiniň Hytaýda demokratik özgerişlere peýdasy degermi ýa degmez, ol entek belli däl. Halkara derejesinde ýagdaýa üns berlip, gysyş görkezilip durulmagy dissidentlere bir gorag bolup hyzmat eder diýip umyt etse bolar. Halkdan goldaw bolmasa, demokratik özgerişler ugrunda barýan tagallalaryň başa barmajakdygy belli zat. Ýöne dünýäniň totalitar ýurtlarynda öz ömrüni demokratiýa, söz azatlygyna we kanun häkimligine bagyşlan dissidentleriň köpdügini ýatdan çykarmaly däl.

Men ýaňy Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda bolup gaýtdym. Konstitusiýa boýunça bu bir demokratik respublika. Ýöne Konstitusiýa başga, syýasy medeniýet we onuň ýerine ýetirilişi başga. Iş ýüzünde Azerbaýjan bir totalitar döwlet. Iň ýokarda oturan prezident. Syýasy guramalaryň hemmesi onuň buýruklaryny ýerine ýetirmeli. Oppozisiýa tutuşlygyna gysyş astynda. Söz azatlygy ýok. 2010-njy ýylda parahatçylyk Nobel baýragyny alan adam barada hem resmi mediada berlen maglumat bolmady.

Demokratiýanyň tarapyny çalýan dissidentler bu iş üçin gymmat baha töleýärler. Olaryň iş tapyp bilýän ýeke-täk ýeri döwlete degişli däl halkara guramalar.

Kristel Frike
Men Norwegiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Oslo uniwersiteti tarapyndan alnyp barylýan bir programmanyň çäginde 10 günläp sapak bermek üçin Bakuwa gitdim. Men ol ýerdekäm iki sany ýaş ýigidiň türmeden boşadylmagy dünýä derejesinde köpleriň ünsüni özüne çekdi. Olar demokratik oppozisiýanyň agzalary hökmünde ilki urlup-ýenjilip, gynalypdyr, soň hem huligançylykda aýyplanyp, biri iki, beýlekisi-de iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Prezidenti gaharlandyran zat bularyň öz bloglarynda ýerleşdiren bir wideoýazgysy. Onda korrupsiýa barada gurnalan bir galp metbugat konferensiýasynda berilýän soraglara bir eşek jogap berýär. Prezidentiň muny özüne çeken bolmagy mümkin.

Olaryň on iki aýdan söň boşadylmagy hem prezidentiň bu işe ýene bir gezek goşulmagy netijesinde bolupdyr. Prezident muny ýaňy golaýda geçen parlament saýlawlarynda oppozisiýany ilki gysanlygy, soň hem saýlawyň netijelerini galplaşdyranlygy sebäpli halkara derejesinde turan tankydy ýatyrmak üçin eden bolsa gerek.

Bu oglanlaryň biriniň kakasy meniň köp wagt bäri tanaýan ýakyn dostum. Ol maňa Bakuwdaky studentlerimden bu blogçular barada näme zatlary bilýändiklerini, näme pikir edýädiklerini soramagy teklip etdi. Men bu işi etmegi ýüregime düwsem-de, köp oýlanyp, ahyrsoňy etmedim. Sebäbi maňa Azerbaýjandaky syýasy ýagdaý barada klasda gürlemezlik tabşyrylypdy.

Filosof Teodor Adornonyň 1950-nji ýyllarda “Ýalňyş durmuşda dogry durmuş bolmaz” diýip aýdan bir meşhur sözi bar. Awtoritar jemgyýetlerde syýasy dissidentler Adornonyň bu aýdanynyň nädogrudygyny subut etmek üçin gündelik göreşýärler. Azerbaýjanda hem demokratiýanyň tarapyny çalýanlaryň edýäni şundan başga zat däl. Olar biziň sylag-hormatymza mynasyp adamlar.

Dogry durmuşda dogry ýaşamak kyn däl. Men söz azatlygy ýok, adam hukuklary hormatlanmaýan bir ýurtda doglan bolsadym, ýalňyş durmuşda dogry ýaşamaga milt edermidim, ony bilemok. Ýöne welin, Bakuwyň meni üýtgedendigini bilýärin.

Kristel Frike Norwegiýanyň Oslo uniwersitetiniň ylmy işgäri. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG