Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa Demirgazyga duýduryş berýär


Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Mýung-bak Demirgazyk Koreýa bilen gepleşiklere başlamak üçin gapylaryň henizem açykdygyny aýtdy.

Emma bu çagyryşa garamazdan, prezident Lee Mýung-bak özüniň Täze ýyl mynasybetli eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň indiki agressiw hereketlerine berk we gazaply gaýtawulyň beriljekdigini hem duýdurdy.

"Biz Demirgazyk Koreýanyň öz topraklarymyzyň ujypsyzja bölegine hem howp abamagyna ýol berip bilmeris. Biziň janlarymyza we emlägimize howp döredip biljek islendik prowokasiýanyň öňi alnar. Bular ýaly prowokasiýalara berk we gazaply gaýtawul berler” - diýip, Günorta Koreýanyň prezidenti Lee Mýung-bak aýtdy.

Şeýle-de Günorta Koreýanyň prezidenti özara gepleşiklere başlamak mümkinçiliginiň diňe Phenýanyň islegine bagly bolup durýandygyny belledi.

Geçen ýylyň noýabrynda Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýanyň adalaryny top okuna tutmagy sebäpli, häzir Koreý ýarymadasyndaky ýagdaýlar dartgynly bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG