Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ýedi adamyň ölüm jezasy ýerine ýetirildi


Duşenbe güni Eýranda ýedi adam neşe serişdelerini daşamakda aýyplanyp, olar ölüm jezasyna höküm edildi.

Eýranyň mediasynyň berýän maglumatlaryna görä, şahsyýetleri görkezilmedik bu adamlar ýurduň Kermanşah welaýatynyň türmesinde asylyp öldürilipdir.

Ýurduň prokurorlarynyň aýtmagyna görä, şol adamlar neşe serişdelerini satyn almakda we ýaýratmakda aýyplanypdyrlar.

Eýranda adamlary ölüm jezasyna höküm etmek derejesi dünýä boýunça iň ýokarylaryň biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG