Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Afrika döwletleriniň liderleri Kot D’Iwuarda


Günbatar Afrika döwletleriniň ýolbaşçylaryndan düzülen wekilçilikli topar duşenbe güni Kot D’Iwuara bardy. Bu delegasiýa Kot D’Iwuarda noýabrda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň dörän dartgynly ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin iň soňky synanşygyny eder.

Afrika döwletleri bolan Beniniň, Siýera Leonyň we Keýp Werdäniň prezidentleri, şeýle-de Kenýanyň premýer-ministri Kot D’Iwuaryň häzirki prezidenti Laurent Gbagbany häkimiýetden gidip, öz ýerini Allasane Ouattara bermegi üçin yrjak bolarlar.

Allasane Ouattara ýurtdaky prezident saýlawlarynyň resmi ýeňijisi hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilipdi. Emma Laurent Gbagba saýlawlaryň netijeleri bilen ylalaşman, häkimiýetden gitmejekdigini öňe sürýär.

Ýurduň demirgazygyndaky musulmanlar A.Outtaryny goldaýarlar, günortasyndaky hristiýanlar bolsa L.Gbagbany.
XS
SM
MD
LG