Sepleriň elýeterliligi

Belarusda oppozisiýa wekili türmeden boşadyldy


Belarusda 19-njy dekabrdaky prezidentlik saýlawlaryndan soň Minskide geçirilen protest wagty tussag edilen prezidenlige dalaş eden oppozisiýa wekili türmeden boşadyldy.

Wital Rymaşewski dekabryň 31-ne giçlik şäherden çykmazlyk şerti bilen goýberilipdir. Emma Rymaşewskiniň ýolbaşçylyk edýän “Belarusyň Hristiýan Demokrat partiýasy” bu habary duşenbe güni ýaýratdy.

Wital Rymaşewskä we prezidentlige dalaş eden beýleki dört adama 19-njy dekabrdaky saýlawlardan soň Minskide köpçülikleýin bidüzgünçiliklere sebäp bolanlykda aýyplama bildirilýär. Olaryň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek howpy bar.
XS
SM
MD
LG