Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2010-da tebigy betbagtçylykdan 295,000 adam ölüpdir


Dünýäniň iň uly ätiýaçlandyryş guramalaryny biri “Munich Re” 2010-njy ýylyň dowamynda dünýäniň dürli ýerlerindäki tebigy betbagtçylyklar sebäpli 295,000 adamyň ölendigini we dünýä ykdysadyýetine 130 milliard dollarlyk zyýanyň ýetendigini aýdýar.

“Munich Re” guramasynyň ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen ýyl jemi 950 sany tebigy heläkçilik bolup, bu görkeziji 2010-njy ýyly 1980-nji ýyldan soň ikinji erbet ýyl edýär.

Şeýle-de bu hasabatda bellenmegine görä, geçen ýylky tebigy betbagtçylyklaryň aglabasy howa bilen bagly bolupdyr.
XS
SM
MD
LG