Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň üstünlikli bolanlygyny Täze ýyl ýüzlenmesinde belledi.

Prezident milli umumy içerki önümçilik, gurluşyk, transport we aragatnaşyk, energetika, nebit-gaz senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly milli ykdysady ugurlary bilen bir hatarda daşary syýasy we ykdysady ugurlaryň hem üstünlikler bilen tapawutlananlygyny nygtady.

2010-njy ýylda Türkmenistan daşary syýastyna ünsi güýçlendirdi. Aşgabat daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen esasan hem söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işini 2011-nji ýylda hem dowam etdirmekçi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Pekin ýakynlaşýar

Regional we halkara metbugatynyň sahypalarynda Türkmenistanyň alyp barýan energiýa hyzmatdaşlygyna aýratyn ýer berildi. ABŞ-nyň “The New York Times” gazeti Hytaýyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda amala aşyrýan energiýa strategiýasyna üns berýär.

“The New York Times” Hytaýyň öz ykdysady ösüşini güýçlendirmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasynyň çäginde soňky ýyllarda iki regional gaz geçirijä eýe bolandygyny, Türkmenistandan uzynlygy 1,760 kilometrden aşýan gaz geçirijisini çekip, bu ýurdy 30 ýyllap her ýyl 40 milliard kubmetrden gaz akdyrmaga borçly edenligini we dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanýan Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek üçin lisenziýa eýe bolandygyny ýazýar.

Azerbaýjanyň “Trend” habar agentliginiň maglumatynda Ýewraziýany energiýa bilen durnukly üpjün etmek ugrunda Türkmenistanyň geçen ýylda oýnan roluna üns berilýär we Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretary Peren de Brişambonyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýada regional hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça halkara forumynyň geçirilenligi bellenýär.

Orsýet we Eýran

“Trend” agentliginiň maglumatynda Orsýetiň soňky ýyllarda Türkmenistandan gaz satyn almagyny azaltmagynyň we 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Hazarýaka gaz geçirijisiniň gurluşygyny yza tesdirenligini yglan etmeginiň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektine tarap öwrülmegine itergi bolanlygy bellenýär.

Türkmenistanyň regional energiýa hyzmatdaşlarynyň ýene biri bolan Eýranyň resmi delegasiýasynyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada eden sapary hem käbir metbugatlaryň üns merkezine düşdi.

30-njy dekabrda Aşgabada Eýran Yslam Respublikasynyň nebit-gaz ministri we Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Jawad Ojiniň ýolbaşçylygynda baran resmi topar türkmen tarapy bilen energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesini maslahat etdi.

Türkmen prezidenti Türkmenistandan Eýrana tarap gurlup, geçen ýylyň başynda işe girizilen ikinji gaz geçirijisiniň 2010-njy ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen 180 industrial proýektiň arasyndaky esasy ornuny belledi diýip, “Fars News” agentligi ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG