Sepleriň elýeterliligi

Kabardino-Balkariýada alymyň öldürilmegi alada döredýär


Düýn Orsýetiň Kabardino-Balkariýa respublikasynyň prezidenti Arsen Kanokow çerkez milletinden bolan tanymal etnograf alym Aslan Sipinowyň öldürilmeginde ýerli ekstremistik topary aýyplady.

Tanymal etnograf we folklorçy alym Aslan Sipinow 29-njy dekabrda Nalçik şäheriniň etegindäki öz öýuniň ýanynda iki sany ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürilipdi.

Kabardino-Balkariýa respublikasynyň prezidenti Arsen Kanokow respublikanyň Içeri işler ministrligine bu hüjümi amala aşyranlary tapmaklyga görkezme berdi.

Dekabr aýynyň 15-ne şu Nalçik şäherinde respublikanyň baş müftüsi Anas Pşikaçew hem näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG