Sepleriň elýeterliligi

Atomçy alym Şahram Amirini Eýran tussag edipdir


«IranBriefing Fondy» atly hökümete degişli bolmak hukuk goraýjy guramanyň internet saýty eýranly atomçy alym Şahram Amiriniň geçen ýyl Birleşen Ştatlardan dolanyp barandan soň, türmä salnandygyny habar berýär.

Geçen ýyl Şahram Amiri Eýrana dolanyp barmazyndan öň, özüniň Birleşen Ştatlaryň gizlin gulluklarynyň agentleri tarapyndan Saud Arabystandan alnyp gaçylandygyny aýdyp, çykyş edipdi.

Emma Birleşen Ştatlaryň resmileri Şahram Amiriniň meýletinlik bilen Birleşen Ştatlara barandygyny we meýletinlik bilen hem onuň Eýranyň ýadro programmasy barada gizlin maglumatlary berendigini aýdýarlar.

Şahram Amiri ABŞ-da bir ýyl bolandan soň, 2010-njy ýylyň iýulynda Eýrana gaýdyp barypdy. «IranBriefing Fondy» atly hökümete degişli bolmak guramanyň internet saýtyndaky maglumatda Şahram Amiriniň başda oý tussaglygynda saklanandygy, birneme soňra bolsa onuň Tährandaky «Heşmatieh» türmesine salnandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG